Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli türkmen suratkeşleriniň eserleriniň sergisi açyldy.
Onda merkeziň ähli ýokarky gatyny eýeleýän 125 surat, grafika eseri, gobelen we heýkeller görkezilýär. Eserlerde iň köp özüne çeken Owgan Owganowyň «Bäş sany ak at» suraty boldy. Suratdaky çapyp barýan gar ýaly ak reňkli atlar, owadanlygy we merhemeti bilen her bir göreni özüne bendi edýär. Ak reňkli atlar sergide iň köp görkezilen eserleriň gahrymanlaryna öwrüldi.
Bu suratlaryň biri hem Gutlymyrat Töräýewiň «Aý şöhlesindäki ak at» suratydyr. Jumamuhammet Jumanyýazowyň «Atlaryň gijeki tansy» atly adaty bolmadyk suraty täsirliligi bilen tapawutlanýar. Suratkeş garaňkylykda hereket edýän atlaryň altyn relýef şekilini görkezmegi başarypdyr.
Yhlas Allanazarowyň «Daglardaky howply duşuşyk» eseri dartgynlylygy bilen özüne çekýär. Elbetde, gaplaň bilen at dagda gabatlaşsa, gowy netijä garaşyp bolmaz, ýöne beýleki suratlara göz aýlaýan her bir tomaşaçy gudrata umyt baglaýar.
Sergide Nurmyrat Gurdow at sürüsini şekillendirýän gyzykly eserini hödürledi. Suratkeş ýokardan seretmek mümkinçiligini saýlapdyr, şonuň üçin atlaryň kelleleri elbetde, birmeňzeş, ýöne her biriniň durşy we garaýşy aýratyn şekillendirilipdir.
Päsgelçiligiň üstünden bökýän at suratkeşleriň ulanýan seýrek temasy. Sportuň bu görnüşi boýunça biziň ýurdumyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda türkmen topary altyn medala mynasyp boldy. «Konkur» diýlip atlandyrylýan suratlaryň biri Larisa Fomina tarapyndan görkezildi.
Heýkeltaraş Baýgeldi Annamedow bolsa şekillendiriş sungaty bilen bäsleşýän eserleriniň sergisini hödürledi. Baýgeldi Annamedowyň eserleriniň ýaňy-ýakynda bu merkezde geçirilen daşoguzly suratkeşleriň sergisinde aýratyn gyzyklanma döredendigini ýatladýarys. Heýkeltaraşyň bu üstünligi ýene bir gezek gaýtalandy. Onuň döreden atlary, şeýle hem jerenleri, tazylary we awçylaryň özleri örän ajaýyp ýerine ýetirilipdir. Baýgeldi uly bolmadyk heýkelleriň düzüminde aw awlanýan aýgytly pursaty bolşy ýaly we şol bir wagtyň özünde hem ertekilere çalymdaş edip döretmegi başarýar.
Sergide görkezilen eserleriň her biri ýokary hünär derejesinde ýerine ýetirilipdir we olaryň her biri aýratyn gürrüň etmäge mynasypdyr. Bu bolsa suratkeşlerimiziň ussatlygyna, şeýle hem ahalteke bedewiniň haýran edýän deňsiz-taýsyz gözelligine şaýatlyk edýär.