Ï Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Kibersport» merkeziniň işi üstünlikli ösdürilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Kibersport» merkeziniň işi üstünlikli ösdürilýär

view-icon 2509
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Kibersport» merkeziniň işi üstünlikli ösdürilýär

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň düzümindäki «Kibersport» merkezi ýurtda sportuň ýokary tehnologiýaly görnüşlerini ösdürmek ugrunda üstünlikli we netijeli işleri dowam edýär.

Bu ýerde wirtual giňişlikde türgenleşikler, ýaryşlar, sport toparlarynyň ýolbaşçylarynyň we türgenleriň gatnaşmaklarynda oýunlar geçirilýär. Talyplar sportuň täze görnüşi bolan häzirki zaman sport ulgamynda öz ornuny barha berkidýän kibersport üçin zerur sport hem-de sanly başarnyklaryny özleşdirýärler we türgenleşýärler.

Häzirki wagtda kompýuter ýa-da elektron sport hökmünde-de tanalýan kibersport dünýäniň köp ýurtlarynda sportuň resmi görnüşi hökmünde ykrar edildi. Sportuň adaty görnüşlerinde bolşy ýaly, kibersportuň ençeme esasy ugurlary bolýar. Şol ugurlar kompýuter oýunlaryň görnüşleri we aýratynlyklary, giňişlikleriň, nusgalaryň, oýnuň wezipeleriniň häsiýetleri hem-de kibertürgenleriň barha ösýän oýun başarnyklary bilen tapawutlanýar.

2008-nji ýylda Koreýada Halkara kibersport federasiýasy (IeSF) döredildi. Ol häzirki wagtda dünýäniň dürli ýurtlaryndan milli kibersport federasiýalaryň 128-sini özünde birleşdirýär. 2020-nji ýylyň sentýabrynda IeSF-e Türkmenistanyň Milli elektron sporty federasiýasy (TMeSF) hem girdi. Bu bolsa ýurdumyzda kibersporty ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmekde ähmiýetli çäreleriň birine öwrüldi.

2023-2024-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Kibersport» merkeziniň döredilmegi Türkmenistanda sporty hemmetaraplaýyn ösdürmek, zehinli türkmen türgenlerini taýýarlamak boýunça giň gerimli işleriň, bu ulgama hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideriniň berýän goldawlarynyň we yzygiderli ünsüniň, alnyp barylýan ägirt uly tagallalaryň nobatdaky netijesine öwrüldi.

 «Kibersport» merkezi ýokary tizlikli internet, kuwwatly kompýuterler, wirtual hakykata degişli enjamlar hem-de ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän zerur bolan iň öňdebaryjy döwrebap beýleki enjamlar bilen üpjün edildi.

Merkeziň esasy wezipesi Türkmenistanda kibersportuň ähli görnüşlerini ösdürmekde, häzirki zamanyň sanly giňişliginde erkin ugur alyp bilýän kibertürgenleriň ýaş neslini terbiýelemekden, dürli ýaryşlary geçirmek arkaly zehinli talyplary jemlemekden, olary taýýarlamakdan hem-de halkara ýaryşlaryna gatnaşmagyny gazanmakdan, kibersportuň dürli görnüşleri boýunça milli ýygyndy toparlary döretmekden, kibersporta gyzyklanmany ösdürmekden hem-de ony türkmen ýaşlarynyň arasynda wagyz etmekden ybaratdyr.

Merkezde ýaş kibertürgenleriň türgenleşikleri yzygiderli geçirilip, olar türgenleşiklere örän uly höwes we yhlas bilen gatnaşýarlar. Türgenleşiklere gatnaşyjylaryň kibersportda başarnyklaryny we ukyplaryny ýokary hil we depginli ösdürip kemala getirmäge, türgenleşikleriň netijeli bolmagyna ähmiýet berilýär.

Häzirki wagtda «Kibersport» merkezinde Dota 2, Counter Strike 2, E-futbol, E-basketbol hem-de kibersportuň beýleki görnüşleri boýunça toparlar hereket edýär. Olar dürli derejeli ýaryşlara gatnaşýarlar we Dota 2, CS 2 boýunça Aziýa sebitiniň reýtinginde öňdebaryjy orunlary eýeleýärler.

Counter Strike boýunça geçen ýylyň sentýabrynda uniwersitetiň talyplarynyň, soňra bolsa Türkmenistanda «Durnukly ykdysady ösüş: innowasiýalar we senagatlaşdyrmak» atly ýokary tehnologiýalar hepdeliginiň çäklerinde ýokary okuw mekdepleriň arasynda geçirilen Global Offensive we Dota 2 diýen bäsleşikli kiber ýaryşlar Merkeziň türgenleriniň ýokary taýýarlygyny görkezdi.

Şu ýylyň fewral-mart aýlarynda Russiýanyň Kazan şäherinde «Kibersport» merkeziniň wekilleri Fijital-sport (hakyky we wirtual ýaryşlaryň pursatlaryny özünde utgaşdyrýan innowasion häsiýetli) ilkinji halkara köpugurly sport ýaryşy bolan «Geljegiň oýunlarynda» üstünlikli çykyş etdiler.

Uniwersitetiň merkeziniň alyp barýan işleri uly netijeleri hem-de ýaşlar üçin ösmäge, öz ussatlyklaryny kämilleşdirmäge ajaýyp mümkinçilik berýär. Şonuň bilen birlikde, merkeziň işi döwletiň türkmen sportuny hemmetaraplaýyn we depginli ösdürmek we ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak boýunça esasy wezipeleriniň birini üstünlikli çözmäge ýardam edýär.