Ï Ýurdumyzda howanyň üýtgemegi boýunça täze okuw moduly
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda howanyň üýtgemegi boýunça täze okuw moduly

view-icon 3583
Ýurdumyzda howanyň üýtgemegi boýunça täze okuw moduly

Türkmenistanda mugallymlar üçin «Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleler bilen tanyşlyk we bilim hem-de oýunlar toplumyny «Howa gutujygy» bilim guramalarynda amaly taýdan ulanmak» atly täze okuw moduly hödürlendi.

Tanyşdyryş dabarasy Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) «Durnukly ösüş maksatlaryny öňe sürmek üçin howa bilimleri we howanyň hereketleri» sebit taslamasynyň çäginde geçirildi.

Gatnaşanlar sapaklarda we okuwdan daşary çärelerde «Howa gutujygy» ulanmak üçin usulyýet teklipleri bilen tanyşdylar we klimat bilimi meselelerinde tor hem-de pudagara gatnaşyklaryň sebitleýin tejribesini öwrendiler.

Maslahat BMGÖM-iň halkara geňeşçileri Ýelena Malts we Danila Sorokin tarapyndan geçirildi.

Taslama Gündogar Ýewropada we Merkezi Aziýa sebitinde, şol sanda Türkmenistanda howa biliminiň okuw meýilnamalarynyň dowam etdirilmegini we täze innowasion sanly gurallar arkaly «Howa gutujygy» okuw meýilnamasynyň wagyz edilmegini goldamagy maksat edinýär.