Ï Aşgabatda talyplaryň arasynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylykly gepleşikleriň medeniýeti» atly halkara bäsleşik geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda talyplaryň arasynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik geçiriler

view-icon 3706
Aşgabatda talyplaryň arasynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik geçiriler

Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty türkmen paýtagtynda 22–25-nji maý aralygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Hazarýaka döwletleriň, Türkiýäniň we Hytaýyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik hem-de Breýn-ring geçirer. 

Bäsleşik aýratynlykdaky we toparlaýyn görnüşlerde geçiriler. 23-nji maýda aýratynlykdaky tapgyryň çäklerinde test geçirilip, ol sebit we halkara gatnaşyklaryna, olaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, taryhy-medeni hem-de beýleki wajyp ugurlaryna degişli 30 sowaly öz içine alar. 

Şol gün hem halkara bäsleşigiň aýratynlykdaky tapgyryna badalga berler. Oňa gatnaşyjylar ýazuw arkaly ýumuşlaryň 5-sini ýerine ýetirmeli bolar. Ýumuşlaryň mazmuny durnukly ösüşi modelirlemekde matematiki usulyýetleriň täze ugurlaryny, halkara gepleşiklerini modelirlemek, halkara ykdysady gatnaşyklar öwrenilende maglumat tehnologiýalaryny ulanmak, halkara ulag logistikasynda dünýädäki ýagdaýlary öwrenmek, halkara gatnaşyklarynda oňaýly çözgütleri kabul etmekde matematikany we matematiki modelirlemäni peýdalanmak ýaly ugurlary we beýlekileri öz içine alýar. 

24-nji maýda halkara bäsleşigine gatnaşyjylar toparlaýyn tapgyrda çykyş etmeli bolarlar. Onuň çäklerinde talyplara halkara gatnaşyklarynda matematiki usullary ulanmak, matematiki modelirlemek, ekonometrika, logistika we beýleki ugurlar boýunça 5-den 10-a çenli ýumuşlar berler. 

Soňra bäsleşijiler ugurdaş mazmunly berýn-ringe gatnaşarlar. Onuň netijeleri boýunça eminler tarapyndan işjeň gatnaşanlar, iň oňat çekişmeler, toparlar, şeýle hem oýnuň dowamynda öňe sürlen netijeli pikirler we teklipler belleniler. «Beýniler hüjüminiň» esasy maksady halkara subýektleriň hem-de olaryň halkara we sebit gün tertibiniň wajyp meselelerini seljermegiň netijesinde emele gelýän görnüşleriniň arasynda gepleşikleriň we hyzmatdaşlygyň has oňaýly usullaryny görkezmekden ybaratdyr.

Olimpiadanyň eminleriniň düzümine gatnaşyjy ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary hem-de Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ylmy edaralarynyň wekilleri girerler. 

Bäsleşigiň ýeňijileri degişli derejedäki medallar we diplomlar, şeýle hem hormat hatlary we sowgatlar bilen sylaglanarlar.