Ï Paýtagtymyzda žurnalistika fakultetiniň mugallymlary we talyplary üçin okuw sapaklary guralýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Paýtagtymyzda žurnalistika fakultetiniň mugallymlary we talyplary üçin okuw sapaklary guralýar

view-icon 3275
Paýtagtymyzda žurnalistika fakultetiniň mugallymlary we talyplary üçin okuw sapaklary guralýar

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň žurnalistika fakultetiniň mugallymlary we talyplary daşary ýurtly bilermenleriň gatnaşmagynda guralýan okuw sapaklarynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň soňky ýörelgelerini bilelikde ara alyp maslahatlaşýarlar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Häzirki zaman žurnalistikasy we kommunikasiýa gurallary» temasyndan okuw sapaklaryň tapgyryny 1–3-nji maý aralygynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi gurady.

Duşuşyklara Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň wekilleri gatnaşýarlar.

Mugallymlar we talyplar üçin «Žurnalistika giriş we ählumumy derejede häzirki zaman mediasy», «Ýewropada we beýleki ýurtlarda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işi» we beýleki temalardan okuw sapaklary geçirildi. Okuw sapaklary daşary ýurtly bilermen, professor Şon Krouly alyp bardy.

Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar media giňişligindäki häzirki zaman özgerişleri, maglumatlary bermegiň usullary, kommunikasiýa serişdelerini ösdürmegiň möhüm ugurlary we beýleki meseleler bilen jikme-jik tanyşýarlar.

Her okuw sapagynyň ahyrynda talyplar bilen bilermeniň arasynda sorag-jogap görnüşinde işjeň we gyzykly söhbetdeşlik geçirilýär.