Ï «Arkadag» futbol topary «Ahal» toparynyň ýeňişli ýoluna böwet boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Arkadag» futbol topary «Ahal» toparynyň ýeňişli ýoluna böwet boldy

view-icon 2520
«Arkadag» futbol topary «Ahal» toparynyň ýeňişli ýoluna böwet boldy

2024-nji ýylda geçirilýän Türkmenistanyň çempionatynyň ýokary ligasynyň toparlarynyň arasynda «Arkadag» toparynyň oýunçylary 11-nji gezek ýeňiş gazandylar. Türkmenistanyň çempionatynyň ýokary ligasynyň 13-nji tapgyrynda Wladimir Baýramowyň topary täze baş tälimçi Döwletmyrat Annaýewiň ýolbaşçylygynda häzire çenli üç ýeňiş gazanan ýakyn bäsdeşi «Ahal» topary 4:0 hasabynda ýeňdi we öňdeligini has-da berkitdi.

Duşuşyk paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda geçirildi. Myhmanlar 5-nji minutda Altymyrat Annadurdyýewiň tagallasy bilen öňe saýlandylar. 37-nji minutda ol ýene bir pökgi geçirdi. 53-nji minutda geçen ýylyň iň köp pökgi geçiren oýunçysy Didar Durdyýew üçünji geçirilen pökgiň eýesi boldy. Begenç Akmämmedow 73-nji minutda duşuşygyň soňky nokadyny goýdy.

«Ahal» toparynyň ýeňişli ýörişine böwet bolan «Arkadag» topary 33 utuk gazanyp ýakyn bäsdeşinden utuk tapawudyny 9-a ýetirdi. Özi-de, Türkmenistanyň häzirki çempiony beýlekilerden bir oýun az oýnady.

Geçen ýylky çempionatynyň bürünç medalyny eýelän «Nebitçi» toparyny Balkanabatda 5:0 hasabynda ýeňlişe sezewar eden, 10 duşuşykda 21 utuk gazanan «Altyn asyr» topary üçünji oruny eýeledi. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň toparyndan Rahman Muratberdiýew (8-nji we 70-nji minutlarda) we Arslan Saparow (32-nji we 51-nji minutlarda) iki, Wahyt Orazsähedow (69-njy minutda) bir pökgi geçirdiler.

Türkmenistanyň çempionatynyň ýokary ligasynyň 13-nji tapgyryň beýleki bir oýnunda paýtagtymyzyň «Köpetdag» topary öz meýdançasynda «Merw» toparyndan 2:0 hasabynda üstün çykyp, birinji aýlawda 1:2 hasabynda ýeňlişi üçin haklaşdy. Tofik Şükürowyň topary duşuşygyň soňky 17 minudynda Batyr Täçnazarowyň 73-nji we Süleýman Mirzoýewiň 84-nji minutlarda geçiren pökgileri netijesinde myhmanlardan rüstem geldi.

Şu ýeňişden soň 9 utuk gazanan «Köpetdag» topary 12 utuk gazanan we bir oýun artyk oýnan, ýedinji orny eýeleýän «Nebitçi» topara golaýlaşdy. 18 utuk gazanan «Merw» topary dördünji orunda galdy.