Ï Aşgabatda sanly KHBS-niň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda sanly KHBS-niň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 1877
Aşgabatda sanly KHBS-niň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy

Habarlar «toplaýny» näme? Emeli aň žurnalistiň ornuny tutup bilermi ýa-da häzirki zaman maglumat giňişliginde ýüze çykýan beýleki wehimler, Türkmenistanda KHBS-niň işgärleriniň we žurnalistika fakultetleriniň mugallymlarynyň hünärlerini ýokarlandyrmak boýunça okuwlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

8-10-njy maý aralygynda ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň guramagynda «Sanly KHBS üçin maglumat we tematiki materiallary taýýarlamak boýunça» okuw geçirildi.

Çagyrylan halkara bilermenleri – Marek Bekerman (Beýik Britaniýa) we Witaliý Rugaýn (Belarus Respublikasy) okuwa gatnaşyjylary häzirki ählumumy tendensiýalary we metbugat ösüşiniň häzirki zaman media ýörelgeleri bilen tanyşdyrdylar.

Sanly žurnalistika gurallaryny we multimediýa mazmuny döretmek tehnologiýalaryny ulanmakda öwrenilen başarnyklar okuwa gatnaşyjylara materialy berkitmek üçin birnäçe amaly meseleleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berdi.

Umumy sapaklaryň ahyrynda gatnaşyjylara şahadatnamalar gowşuryldy. Olaryň belleýşi ýaly, täze alnan bilim ýurdumyzyň metbugatynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder.

ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkezi metbugatyň özgerdilmeginde bilermenler goldawyny berip, Türkmenistanyň Hökümeti bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Türkmen žurnalistleri üçin hünär işjeňligini ýokarlandyrmak maksady bilen, halkara okuwlar we maslahatlar yzygiderli geçirilýär.