Ï Russiýanyň teleýaýlymynda türkmen milli tagamlary görkeziler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Russiýanyň teleýaýlymynda türkmen milli tagamlary görkeziler

view-icon 1968
Russiýanyň teleýaýlymynda türkmen milli tagamlary görkeziler

Türkmenistanda Russiýanyň «Моя Планета» («Meniň planetam») teleýaýlymy üçin «Магия вкуса» («Tagamyň jadysy») gepleşigi surata düşürilýär.

Gepleşigiň alyp baryjysy Anton Zaýsewiň ýolbaşçylygyndaky surata düşüriş topary eýýäm Ahal welaýatynyň Nohur obasyna we Mary welaýatyna baryp gördüler.

Indi topar Balkan welaýatyna gider, myhmanlar bekre balygyndan taýýarlanan türkmen palawyny we beýleki milli tagamlary dadyp görerler.

Türkmen aşhanasy özboluşlylygy we dürli tagamlary bilen meşhurdyr. Türkmen aşpezleri halkyň köp asyrlyk aşpezlik däplerini, saçagy bol bezemegiň we tagam taýýarlamagyň usullaryny aýawly saklap gelýärler. Olar gepleşikde ajaýyp milli lybaslarda milli tagamlary taýýarlarlar.

Surata düşüriş toparynyň işgärleri türkmen milli aşhanasynyň aýratynlyklary bilen birlikde halkymyzyň myhmansöýerligini hem belländirler. Ýokumly we aňsat taýýarlanylýan tagamlar gepleşigi alyp baryjyda ýakymly täsir galdyrdy.

Myhmanlara hödürlenen tagamlaryň arasynda gowurdak, işlekli, tamdyrlama, dograma we ýarma bar. Surata düşüriş topary, şeýle hem türkmen halkynyň milli däp-dessurlary, ýörelgeleri bilen tanyşýarlar.

Türkmen milli aşhanasynyň aýratynlyklary baradaky gepleşik ýakyn wagtda «Моя Планета» teleýaýlymynda görkeziler. «Магия вкуса» gepleşiginiň täze bölümleri her çarşenbe güni ýaýlyma çykýar.