Ï Howanyň üýtgemeginiň gidrologik ulgamlara we oba hojalygyna edýän täsiri ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Howanyň üýtgemeginiň gidrologik ulgamlara we oba hojalygyna edýän täsiri ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 2251
Howanyň üýtgemeginiň gidrologik ulgamlara we oba hojalygyna edýän täsiri ara alnyp maslahatlaşyldy

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) we Howanyň üýtgemegini öwrenýän Potsdam ylmy-barlag instituty (PHI), Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GHHJ) goldawy bilen Aşgabatda «Türkmenistanda we Merkezi Aziýada suwuň, energiýanyň, iýmitiň we ekologik ulgamlaryň arasyndaky baglanyşygyň howa üýtgemesine durnuklylygyny berkitmek» atly bilelikde maslahat geçirdi.

Çäräniň maksady howanyň üýtgemegi, gidrologiýa we oba hojalygy bilen özara baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin häkimiýet edaralaryny, ylmy derňewçileri we amaly iş alyp barýanlary öz içine alýan esasy gyzyklanýan taraplary bir ýere jemlemekdir, sebäbi howanyň üýtgemegi gidrologik ulgamlar we oba hojalygy üçin uly howpdur, şeýle hem gytaklaýyn adam howpsuzlygyna täsir edýär.

Maslahata Türkmenistanyň ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň, şol sanda, Mejlisiň, Daşary işler ministrliginiň, Oba hojalygy ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Döwlet suw hojalygy komitetiniň, Döwlet Gidrometeorologiýa gullugynyň, «Türkmensuwylymtaslama» Döwlet ylmy-derňew taslama institutynyň, Bilim ministrliginiň işgärleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň, Zenanlar birleşiginiň wekilleri gatnaşdy. Maslahata gatnaşanlar howanyň guraklygy, suw we oba hojalygy bilen bagly meseleleriň Türkmenistan üçin diýseň möhümdigini ykrar etdiler.

BMGÖM-iň halkara bilermeni, «Hydrophil GmbH» geňeşçi kompaniýanyň wekili doktor Robert Birkandt: «Maslahata gatnaşanlaryň hemmesi howanyň üýtgemegi bilen, Türkmenistan sebitlerinde ýüze çykyp biljek suw baýlyklary bilen oba hojalygynyň arasyndaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşdy. Bu çekişme esasynda, biz ýarym mukdarlaýyn çemeleşmäni we 2100-nji ýyla çenli howa çaklamalaryny ulanyp, howa täsiriniň görnetin halkalaryny taýýarladyk. Mundan başga-da, geljekde amala aşjak uýgunlaşma görnüşleri barada-da pikir alyşmak diýseň netijeli boldy, sebäbi maslahata gatnaşan hünärmenler ýerli şertler boýunça tejribelerini we gymmatly bilimlerini paýlaşdylar. Maslahat uýgunlaşdyrmany meýilnamalaşdyryş işine möhüm goldaw berdi».

PHI-niň taslama ýolbaşçysy doktor Ýuliý Didowets howanyň üýtgemeginiň diňe bir häzirki däl, eýsem, geljek nesillere-de ep-esli derejede täsir etjekdigini aýtdy. Soňky barlaglara görä, 2020-nji ýylda doglan çagalar adatdan daşary hadysalary öz ene-atalaryndan, babalaryndan we enelerinden iki esse ýa-da ondan-da köp başdan geçirerler. Şunuň bilen baglanyşyklylykda, şunuň ýaly maslahatlaryň sebit we milli derejede uýgunlaşma strategiýalaryny işläp düzmek üçin möhüm ýerlik bilen üpjün edýändigi nygtaldy.

Bu maslahat Ýaşyl howa gaznasynyň (ÝHG) maliýe goldawy bilen BMGÖM tarapyndan Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýän we Germaniýanyň Daşary işler ministrliginiň PHI hem Germaniýanyň Geologik ylymlar ylmy-derňew merkezi (GFZ) bilen hyzmatdaşlykda başlanan «Ýaşyl Merkezi Aziýa» başlangyjy bilen hyzmatdaşlykda ýola goýlan «Türkmenistanda uýgunlaşmany meýilnamalaşdyryş milli işiniň ösüşi» taslamasynyň çäginde geçirildi.