Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Singapuryň politehniki institutynyň esasy mugallymy, okatmak boýunça hünärmeni, CDIO guramasynyň Aziýa sebiti boýunça baştutany Sin Moh Çeanyň ýolbaşçylygynda okuw-usulyýet onlaýn okuw maslahaty geçirildi.
Okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek baradaky tema bagyşlanan duşuşyga uniwersitetiň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Geçirilen okuw maslahaty olar üçin hünär bilimlerini baýlaşdyrmaga, pikir alyşmaga, inženerleri taýýarlamak ulgamynda daşary ýurtly kärdeşleriň innowasion iş tejribelerini öwrenmäge netijeli meýdança öwrüldi.
CDIO – innowasion inženerçilik bilimi babatda hyzmatdaşlyk etmegiň bütindünýä ulgamy bolup, innowasion hem-de işe ukyply döredijilik çözgütler arkaly dünýäni gowulyga tarap özgerdýän jogapkärli inženerleri taýýarlamaga gönükdirilendir. CDIO dünýä boýunça, şol sanda Ýewropada, Demirgazyk Amerikada, Aziýada, Beýik Britaniýada, Irlandiýada, Latyn Amerikada, Awstraliýada, Täze Zelandiýada we Afrikada ýerleşen okuw mekdepleriniň 200-den gowragyny özünde jemleýär.
CDIO başlangyjy inženerleriň täze neslini taýýarlamak boýunça bilim maksatnamasydyr. CDIO-nyň (Conceive – Design – Implement – Operate) esasynda talyplaryň «Meýilleşdirmek – taslama düzmek – öndürmek – ulanmak» nusgasyna laýyklykda inženerçilik işini özleşdirip bilmeklerini gazanmak maksady, anyk ulgamlar, halkara bazaryndaky işleriň ýagdaýlary we önümler durýar. CDIO başlangyjy islendik uniwersitet tarapyndan kabul edilip hem-de uýgunlaşyp bilinjek galyp hökmünde alymlaryň, senagat ulgamynyň wekilleriniň, inženerleriň we talyplaryň gatnaşmagynda işlenilip taýýarlanyldy. Bütin dünýäde CDIO başlangyjyna gatnaşyjylar ony öz okuw maksatnamalaryny meýilleşdirmek hem-de netijelere baha bermek üçin esas hökmünde kabul etdiler.
Sin Moh Çea 2006-njy ýyldan bäri CDIO guramasynyň sebitleýin ýolbaşçylarynyň biridir. Hünärmen Aziýanyň ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde CDIO başlangyjyny öňe ilerletmek boýunça dürli okuw maslahatlary we ussatlyk sapaklaryny geçirýär. CDIO boýunça 80-den gowrak makala neşir edildi. Şol neşirleri ol dürli halkara maslahatlarynda we simpoziumlarda köpçülige ýetirdi. Bilermeniň barlaglary alyp barýan häzirki ulgamy CDIO-nyň özbaşdak öwrenmäge ýardam bermek, durnukly pikirlenişi ösdürmek, sanlylaşdyrma hem-de emeli aň eýýamynda talyplaryň ussatlygy ele almaklary üçin ulanylmagyny özünde jemleýär.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti 2023-nji ýylyň mart aýynda Merkezi Aziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ilkinji bolup CDIO guramasyna doly hukukly agza hökmünde kabul edildi. Türkmen ýokary okuw mekdebi ýurdumyzda we daşary ýurtlarda ylmy-amaly, bilim häsiýetli dürli halkara çärelerine yzygiderli gatnaşýar. Üstünlikli hyzmatdaşlyk Ýaponiýanyň, Rumyniýanyň, Russiýanyň, Belarus Respublikasynyň, Wýetnamyň, Türkiýäniň ýokary mekdepleri bilen gol çekilen Ylalaşyklaryň we Ähtnamalaryň çäklerinde bilim we ylym ulgamyny ösdürmek hem-de kämilleşdirmek maksady bilen alnyp barylýar.