Ï Daşoguzly mekdep okuwçysy halkara çeper söz döredijilik bäsleşiginiň baýragyna mynasyp boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguzly mekdep okuwçysy halkara çeper söz döredijilik bäsleşiginiň baýragyna mynasyp boldy

view-icon 2895

Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dilleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän 24-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň okuwçysy Leýli Zafarowa «Söz fabrigi-2024» söz döredijiliginiň IV halkara bäsleşiginde ikinji orny eýeledi.

Bäsleşige jemi 37 ýurduň wekilleri gatnaşdylar. Gatnaşyjylaryň döreden ertekileriniň we hekaýalarynyň sany 510 boldy we olar emin agzalarynyň garamagyna hödürlendi. Emin agzalary dürli ugurlarda we ýaş derejelerinde baýrakly orunlara mynasyp bolan 32 eseri saýladylar.

Baýrakly orunlary eýelänleriň arasynda Daşoguz welaýatynyň wekili hem bar.

Ýaş awtorlaryň öňünde belli bir sözleri ulanyp, rus dilinde erteki ýa-da hekaýa ýazmak wezipesi goýuldy. Bu ýyl «Maşa» we «daragt» sözleri alyndy. Galany oňa gatnaşyjylaryň ýazyjylyk ukybyna, fantaziýasyna, galyberse-de, dil bilmek ukybyna bagly boldy.

Rus dili boýunça geçirilen welaýat olimpiadasynyň ýeňijisi, dürli edebi bäsleşiklere yzygiderli gatnaşýan Leýli Zafarowa uzak pikirlenmän, gyzjagaz we islendik islegleri ýerine ýetirýän jadyly agaç hakda hoşamaý erteki ýazdy. Emma wysal bolan her bir arzuw islegli ýapraklaryň gaçmagyna sebäp bolýardy. Gyzjagaz agajyň ösmegi üçin mümkin bolan ähli zady etmäge synanyşdy.

Leýli: 

– Men goşgy düzmegi we dürli hekaýalar ýazmagy halaýaryn. Ertekimde hoşniýetlilik we düşünişmek durmuşymyzda möhüm ähmiýete eýe diýen pikiri adamlara ýetirmek isledim. Käwagt bir dogry hereket uly üýtgeşiklik döredip biler – diýdi.

Leýli Zafarowanyň işi «Iň gowy erteki» ugrunda sylaglandy. Tiz wagtdan bäsleşigiň ýeňijileri ýadygärlik sowgatlary, diplomlary, şeýle hem ýeňijileriň ertekileri we hekaýalary ýerleşdirilen ýygyndyny alarlar.