Ï Türkmen we özbek ýokary okuw mekdepleri GIS tehnologiýalary oba hojalygynda ulanmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen we özbek ýokary okuw mekdepleri GIS tehnologiýalary oba hojalygynda ulanmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

view-icon 2519
Türkmen we özbek ýokary okuw mekdepleri GIS tehnologiýalary oba hojalygynda ulanmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Samarkandyň weterinar lukmançylyk, maldarçylyk we biotehnologiýalar döwlet uniwersiteti hem-de Türkmen oba hojalyk instituty «Suwarymly ýerleriň topraklarynyň kartasyny düzmekde GIS tehnologiýalaryň ulanylyşy» diýen tema boýunça bilelikdäki onlaýn okuw maslahatyny guradylar.

Okuw maslahatyny Türkmen oba hojalyk institutynyň oba hojalyk meliorasiýasy kafedrasynyň müdiri Şatlyk Pygamow geçirdi. Okuw maslahatyna iki ýokary okuw mekdebiň mugallymlary we talyplary işjeň gatnaşdylar.

Okuw maslahatynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar oba hojalyk ekinleriniň topraklaryny kartasyny düzmekde GIS tehnologiýalaryny ulanmagyň netijeliligini hem-de olary döretmegiň usulyýetlerini ara alyp maslahatlaşdylar. Oba senagatynda täze mümkinçilikleri berýän şeýle kartalaryň ähmiýeti we peýdasy barada aýdyldy. Olar meýdanyň has netijeli böleklerini, goşmaça idegi talap edýän az hasyl berýän zolaklary takyk kesgitlemäge kömek edýär. Şundan ugur alnyp, dökünleriň dogry hasaplanylyp çykarylan möçberini topraga taşlamak boýunça wezipeler çözülýär, önümçilik üçin çykdajylar azalýar.

Geografik maglumatlar ulgamy (GMU-GIS) oba hojalygynda giňden ulanylýar, olar mümkin bolan hemme maglumatlaryň toplanylmagyny işjeňleşdirmäge hem-de olary takyk ekerançylygy ösdürmekden we hasylyň neneňsi boljakdygyny çaklamakdan başlap, mallaryň ondan-oňa hereket edişlerine gözegçilik etmäge çenli dürli-dürli maksatlar üçin peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

Şeýle hem onlaýn okuw maslahatyna gatnaşyjylar topragyň ekstraktynyň elektrik geçirijiligi boýunça hem-de häzirki zaman enjamlarynyň kömegi bilen ekerançylyk meýdanlarynyň şorluk derejesine baha bermek usullaryna giňişleýin garadylar.

Okuw maslahatynyň ahyrynda ýokary okuw mekdepleriň wekilleri maksatnamalaýyn çäreleriň biri hökmünde geçirilen okuw maslahatyň netijeli bolandygyny bellediler. Şeýle okuw maslahatlar oba hojalyk ulgamynda sanly ulgamyny ösdürmek, pudaga täze tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de oba hojalyk toplumynda işleriň netijeliligini artdyrmak boýunça wezipeleri çözmäge gönükdirilendir.