Ï Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti orta mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen ders olimpiadalarynyň netijelerini yglan etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti orta mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen ders olimpiadalarynyň netijelerini yglan etdi

view-icon 2202
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti orta mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen ders olimpiadalarynyň netijelerini yglan etdi

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda geçirilen Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty boýunça olimpiadalaryň ýeňijilerini yglan etdi.

Türkmenistanyň taryhy boýunça olimpiadada birinji orunlary Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 18-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Selbi Şöhradowa, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Daşoguz şäherindäki Alp Arslan adyndaky 2-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Hydyr Altyýew we Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Çeper Annanazarowa eýelediler. Ýene 16 okuwçy bu olimpiadada ikinji we üçünji orunlara mynasyp boldylar.

Ikinji bäsleşikde Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndaky 86-njy orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Bägül Mämmetnazarowa, Mary welaýatynyň Şatlyk şäherindäki takyk we tebigy ylymlary çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Bägül Bekgylyjowa, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki 7-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Gülşat Garýagdyýewa türkmen dili we edebiýatyna ökdeler diýlip yglan edildi.

Şonuň ýaly-da, bu intellektual bäsleşigiň netijelerine laýyklykda 16 okuwçy baýrakly orunlary eýelediler. 

Paýtagtymyzdaky, Arkadag şäherindäki we ýurdumyzyň welaýatlaryndaky umumy orta bilim berýän we ýöriteleşdirilen mekdepleriň 10-njy we 11-nji synp okuwçylary olimpiadalara işjeň gatnaşdylar we bu ugurda bilimlerini görkezdiler.

2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygaryna we beýik türkmen şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan olimpiadalar mekdep okuwçylarynyň ýurdumyzyň taryhy, ene dili, edebiýaty barada bilimlerini berkitmek we artdyrmak, okuwçylaryň bu dersleri öwrenmäge höwesini ýokarlandyrmak maksady bilen geçirildi.

Şeýle hem okuwçylaryň dil we ýazuw başarnygyny ösdürmek we kämilleşdirmek, başarjaň, döredijilikli zehinli ýaşlary terbiýelemek, olary hünäre gözükdirmek we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen orta mekdepleriň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek bäsleşigiň esasy maksatlarynyň biridir.