Ï Hususy pudagy ösdürmek — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hususy pudagy ösdürmek — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry

view-icon 2148
Hususy pudagy ösdürmek — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry

Şu gün paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän we milli binagärlik ýörelgeleriniň özboluşly nusgasyna öwrülen «Garagum» myhmanhanasynyň golaýynda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli durmuş maksatly binalaryň birbada birnäçesi açyldy.

Munuň özi ýurdumyzyň hususyýetçileriniň milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşine we halkymyzyň durmuş derejesiniň gowulanmagyna mynasyp goşant goşýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň baş şäherinde amala aşyrylýan giň möçberli işler, gurlup ulanylmaga berilýän dürli maksatly desgalar paýgagtymyzyň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär we şäheriň okgunly ösüşe eýe bolandygyny görkezýär. Paýtagtymyzyň hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugrunda birbada edara ediş we söwda maksatly binalaryň 8-siniň açylmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny görkezdi.

Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmagynda gurlup ulanylmaga berlen döwrebap binalaryň birinji gaty söwda we hyzmatlar ulgamyna degişli düzümleriň ygtyýaryna berildi. Binalaryň ýokarky gatlary bolsa milli işewürlik ulgamyna degişli iş otaglaryndan we işewürlik bölümlerinden ybarat boldy. 

Munuň özi häžirki döwürde milli binagärlik ýörelgeleriniň döwrebap derejede kämilleşdirilýändiginiň we gurlup ulanylmaga berilýän durmuş maksatly binalaryň köptaraply häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem birbada birnäçe binanyň gurlup ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň hususy gurluşykçylarynyň dürli maksatly desgalary bina etmekde oňyn tejribe toplandygyny görkezýär.