Ï Türkmenistanda gender deňligi boýunça Milli Hereketleriň Meýilnamasynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda gender deňligi boýunça Milli Hereketleriň Meýilnamasynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik geçirilýär

view-icon 1670
Türkmenistanda gender deňligi boýunça Milli Hereketleriň Meýilnamasynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik geçirilýär

2024-nji ýylyň 7-nji maýyndan 6-nji iýunyna çenli Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasy we ÝHHG-niň Merkezi bilen bilelikde 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda gender deňligi boýunça Milli Hereketleriň Meýilnamasynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik boýunça Aşgabatda we welaýatlarda birnäçe «Tegelek stol» duşuşygyny geçirýär.

Bu çärelere Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäher häkimlikleriniň işgärleri, Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty, bilim, saglygy goraýyş we lukmançylyk senagaty, zähmet we iş üpjünçiligi ministrlikleri, hukuk goraýjy edaralar, şeýle hem aklawçylar birleşikleri, Zenanlar bileleşigi, welaýatlaryň kärdeşler arkalaşyklary birleşikleri, Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy gatnaşýar.

«Tegelek stol» duşuşygynda BMG-niň zenanlar babatynda diskriminasiýanyň ähli görnüşini ýok etmek baradaky konwensiýasynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýän zenanlara garşy diskriminasiýany ýok etmek Komitetine Türkmenistanyň gender deňligi babatynda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişi baradaky döwürleýin milli hasabatynyň taslamasynyň taýýarlanmagyna gönükdirildi. Duşuşyga gatnaşanlar häzirki Milli Hereketleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmekde gazanylan netijeleri we öňde duran wezipeleri belleýärler we täze MHM-i işläp düzmek barada pikir alyşýarlar.

Gender taýdan deňlik meselesi boýunça duşuşyklar eýýäm Mary, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda geçirildi.

Maý aýynyň ahyryna çenli bu çäreleri Balkan welaýatynda hem Aşgabatda geçirmek we duşuşyklar tapgyryny 6-njy iýunda Ahal welaýatynda tamamlamak meýilleşdirilýär.