Ï Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde geçirilen maslahat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde geçirilen maslahat

view-icon 1960
Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde geçirilen maslahat

Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde deňiz ulaglarynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetindäki orny barada maslahat geçirildi.

Talyplar üçin deňiz ulaglarynyň uly mümkinçilikleri, ýolagçylaryň we ýükleriň deňiz arkaly daşalmagynyň ösüşi barada okuw sapagy guraldy.

Şunuň bilen baglylykda, talyplar «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň, garamagyndaky guramalaryň we kärhanalaryň ýurdumyzyň deňiz port ulgamyny kämilleşdirmekde alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar. Içerki önümleri daşary ýurda eksport etmek üçin milli suw ýollaryny döretmek taslamalary barada hem öwrendiler.

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Ýewropadan Aziýa, Aziýadan Ýewropa ýük daşalýan ýollaryň çatrygynda ýerleşip, Merkezi Aziýanyň «Deňiz derwezesi» bolup hyzmat edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda deňizde ýüzüşiň howpsuzlygyna, Hazar deňziniň daşky gurşawyny gorap saklamak boýunça döwlet gözegçiligi kämilleşdirilýär we bu ugurda kanunçylyk binýady güýçlendirilýär.