Ï Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli çäreler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli çäreler

view-icon 2018
Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli çäreler

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň medeni merkezlerinde, kitaphanalarynda, muzeýlerinde we seýilgählerinde baýramçylyk konsertler, ussatlyk sapaklary, oýunlar, teatrlaşdyrylan çykyşlar, sergiler we beýleki çäreler geçirilýär.

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy çagalar üçin «Älem» medeni-dynç alyş merkezine gezelenç gurady. «Ýaňlansyn dünýäde çaga gülküsi!» atly bu çärä dürli ýaşdaky çagalar gatnaşdy.

Olar bagtly çagalyklaryny we ajaýyp Watanymyzy wasp edýän goşgulary höwes bilen okadylar. Çagalar binanyň muzeý sergisine gyzyklanma bilen tomaşa etdiler we oýun otagynda wagtlaryny şadyýan geçirdiler. Baýramçylyk mynasybetli çärä gatnaşanlara sowgatlar gowşuryldy. Kitaphana işgärleri göçme sergide goýlan kitaplardan çagalara birnäçe erteki okap berdiler.

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleri we «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary çagalary we olaryň ene-atalaryny sirk sungatynyň jadyly dünýäsine çagyrýar. Olar baýram mynasybetli tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrjak täze çykyşlar taýýarlapdyrlar. Sirk çykyşlary 1-2-nji iýunda sagat 18:00-da bolar.