Ï Galla oragy möwsümine ýokary derejede taýýarlyk görülýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Galla oragy möwsümine ýokary derejede taýýarlyk görülýär

view-icon 1847
Galla oragy möwsümine ýokary derejede taýýarlyk görülýär

Balkan welaýatynyň kärendeçi daýhanlarydyr ýer eýeleri ene topraga göwnejaý hyzmat edip, ýylyň-ýylyna bereketli hasyl ýetişdirýärler. Olar geçen ýyl hem azyklyk däne taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen üstünlikli berjaý etdiler.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da welaýatyň oba hojalykçylary 2024-nji ýylyň hasyly üçin geçen güýzde ekilen 50 müň gektar bugdaý ýerlerinden bol we ýokary hilli hasyl ýygnamaklygy meýilleşdirýärler. Şu günlerde olar ýakynlaşyp gelýän jogapkärli orak möwsümini gysga möhletde çalt we ýitgisiz geçirmek maksady bilen, ählitaraplaýyn ykjam taýýarlyk görýärler. Şeýle-de şu ýyl döwlet harmanyna 80 müň tonna hasyl tabşyrmak baradaky maksatlarynyň hasyl boljakdygyna pugta ynanýarlar. Ýetişdirilen bol hasyly kärendeçi daýhanlaryň, ähli ýer eýeleriniň azaplarynyň ýerine düşjekdigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Galla oragyna taýýarlygyň çäklerinde gowşamaýan depginde dowam edýän işlerde «Balkanobahyzmat» önümçilik birleşiginiň mehanizatorlary, inžener-tehniki işgärleri has-da işjeňlik görkezýärler. Bu ýerde galla orujy kombaýnlar öňde duran möhüm möwsüme doly derejede taýýar edildi. Birleşigiň Gyzylarbat, Bereket etrap kärhanalary tarapyndan «СLAAS», «John Deere» kysymly galla orujy kombaýnlaryň 102-si doly gözden geçirilip, taýýarlyk hataryna çykaryldy. Olaryň ählisinde hem ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini gyşarnyksyz berjaý etmek üçin degişli öňüni alyş çäreleri geçirildi. Şonuň ýaly-da ýetip gelýän galla oragy möwsüminde ýörite döredilen tehniki taýdan hyzmat ediş toparlary işlär.

Welaýat boýunça galla kabul ediş kärhanalary, şeýle-de Gyzylarbat etrabynyň Sarp obasyndaky her biri 50 müň we 30 müň tonna däne saklamaga niýetlenen elewatorlar, dänäniň hilini kesgitlejek barlaghanalar möwsüme doly taýýar edildi. Galla oragynyň geçiriljek ýerlerinde, onuň kabul ediş nokatlarynda, meýdan düşelgelerinde hem ýangyn howpsuzlygy kadalaryny üpjün etmek maksady bilen, ählitaraplaýyn çäreler görüldi.