Ï Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny

view-icon 2822

I. Türkmenistanyň şu kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri girizmeli:

1. 2017-nji ýylyň 26-njy awgustynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi» diýen hormatly adynyň Düzgünnamasynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 3, 97-nji madda) ikinji böleginiň üçünji tesiminde «Olimpiýa, Aziýa» diýen sözleri «Olimpiýa, Paralimpiýa, Aziýa we Aziýa Para» diýen sözlere çalşyrmaly.

2. 2017-nji ýylyň 26-njy awgustynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly adynyň Düzgünnamasynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 3, 98-nji madda) ikinji böleginde:

üçünji tesimde «Olimpiýa, Aziýa» diýen sözleri «Olimpiýa, Paralimpiýa, Aziýa we Aziýa Para» diýen sözlere çalşyrmaly;

dördünji tesimde «Olimpiýa, Aziýa» diýen sözleri «Olimpiýa, Paralimpiýa, Aziýa we Aziýa Para» diýen sözlere çalşyrmaly we «ýa-da Aziýa» diýen sözlerden soň «we Aziýa Para» diýen sözleri goşmaly.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 30-njy marty.