Ï «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny

view-icon 7591

I. 2004-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2004 ý., № 4, 33-nji madda; 2007 ý., № 1, 39-njy madda, № 4, 68-nji madda; 2014 ý., № 1, 43-nji madda; 2015 ý., № 1, 37-nji madda; 2016 ý., № 1, 74-nji madda, № 4, 165-nji madda; 2017 ý., № 1, 19-njy madda, № 2, 80-nji madda, № 4, 137-nji we 179-njy maddalar; 2018 ý., № 4, 111-nji madda; 2019 ý., № 4, 76-njy madda; 2020 ý., № 4, 86-njy madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 142-nji madda; 2022 ý., № 2, 25-nji madda, № 4, 119-njy madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 2, 33-nji madda) şu üýtgetmeleri girizmeli:

1) 12-nji maddanyň ikinji we üçünji böleklerini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli we birinji bölekde «1.» san belgisini aýyrmaly;

2) 13-nji maddanyň on ikinji tesiminde «we özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak» diýen sözleri aýyrmaly;

3) 16-njy maddanyň altynjy we ýedinji böleklerini şu görnüşde beýan etmeli:

«6. Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna ýer böleklerini peýdalanmaga bermek, oba hojalyk däl maksatlar üçin kärendä bermek hem-de Türkmenistanyň raýatlarynyň maşgalalaryna özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýer böleklerini hususy eýeçilige bermek ýer meseleleri baradaky Döwlet toparynyň çözgüdi esasynda amala aşyrylýar.

7. Türkmenistanyň raýatlarynyň maşgalalaryna hususy eýeçilige şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak — mellek ýeri üçin ýer böleklerini bermek etrabyň (şäheriň) häkimliginiň kararyna laýyklykda geçirilýär.»;

4) 44-nji maddanyň sekizinji böleginde «degişli häkimiň karary esasynda» diýen sözleri «berliş tertibine laýyklykda» diýen sözlere çalşyrmaly;

5) 47-nji maddanyň birinji böleginde «etrabyň (şäheriň), welaýatyň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherleriň ýer meseleleri baradaky toparlarynyň çözgüdi boýunça» diýen sözleri «ýer meseleleri baradaky Döwlet toparynyň çözgüdi boýunça kärendä» diýen sözlere çalşyrmaly.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 30-njy marty.