Ï Tehnologiýalar merkezinde Türkmenistanda biotehnologiýany ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tehnologiýalar merkezinde Türkmenistanda biotehnologiýany ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 3003
Tehnologiýalar merkezinde Türkmenistanda biotehnologiýany ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

30-njy maýda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Ýurdumyzda biologiýa ylymlaryny we biotehnologiýalary ösdürmek» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi, onda alymlar «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 ‒ 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Maslahata Ylmy-gözleg institutlarynyň öňdebaryjy alymlary we hünärmenleri, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdy. Tehnologiýa merkeziniň müdiri, himiýa ylymlarynyň doktory Durdymyrat Gadamowyň giriş sözünden soň başgada çykyş edenler öz çykyşlaryny «Türkmenistanyň haýwanat dünýäsiniň biologik dürlüligini öwrenmegiň ylmy netijeleri we öňde duran wezipeler», «Diňe Köpetdagda ösýän orhideýalaryň häzirki ýagdaýy we olary biotehnologiýa usuly bilen köpeltmek mümkinçilikleri», «Ýurdumyzda bionanotehnologiýalaryň ähmiýeti», «Biofarmasewtikanyň biotehnologiýadaky orny», «Garaýalçy jeňňeliniň ösümlik dünýäsiniň biologik baýlyklary öwrenilende, biotehnologik usuly ulanmagynyň ylmy esaslary» ýaly mowzuklara bagyşladylar.

TYA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň biotehnologiýa barlaghanasynyň başlygy Altyn Rahmanowa çykyşyny «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 ‒ 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» strategik ugurlaryna bagyşlady. Bellenip geçilişi ýaly, ýakynda tassyklanan bu resminama biologik senagatyň we biologik energetikanyň ösüşinde, ekologiýa taýdan howpsuz önümleriň innowasiýa önümçiligine itergi bermekde, şeýle hem täze biologik ykdysadyýetiniň pudaklarynda geçirilýän özgertmeleriň çäklerinde ylmyň tutýan ornuny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Tehnologiýalar merkeziniň biotehnologiýa barlaghanasynyň işi barada aýdylanda bolsa, biotehnologiýa ugry boýunça hünärmenleri taýýarlamak we bu ugurlarda häzirki zaman ylmy gözleg işlerini geçirmek üçin ähli şertler döredilipdir. Şeýle hem innowasion biologik oýlap tapyşlary döretmek we türkmen alymlarynyň dünýä bazarynda biotehnologiýa pudagyndaky ösüşlerini öňe sürmek üçin uly mümkinçilikler bar.

Maslahata gatnaşanlar Türkmenistanyň biotehnologiýany işjeň ösdürýän ýurtlaryň birine öwrülmegi üçin baý çig mal, häzirki zaman gözleg bazasy we ýokary hünärli hünärmenler ýaly ähli zerur mümkinçilikleriň bardygy barada umumy pikiri aýtdylar. Bu, biologiýa we biotehnologiýa, şeýle hem ylmy esasda importyň ornuny tutmaga we eksporta gönükdirilen ekologiýa taýdan arassa energiýa tygşytlaýan önümleri öndürmek üçin innowasion tehnologiýalaryň ösüşini çaltlaşdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasynda kesgitlenen meseleleri netijeli çözmäge, şeýle hem biotehnologiýany ulanyp, ýurdumyzda güýçli biosenagatyň emele gelmeginiň ylmy esasyny döretmäge mümkinçilik berýär. Nanosenagat we maglumat tehnologiýalary bilen bir hatarda bäsdeşlige ukyply biosenagat pudagynyň döredilmegi, halk hojalygynyň döwrebaplaşdyrylmagyna we hil taýdan täze derejä geçmegine ýardam eder.