Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň TYA-nyň prezidenti Allaberdi Aşyrowyň ýolbaşçylygyndaky alymlar wekiliýeti Baku şäherine bardy we ol ýerde Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çärelere gatnaşyp, ylym-bilim pudagynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdy.
Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň Muhammet Fizuli adyndaky golýazmalar institutynda Magtymguly Pyragynyň institutyň gaznasynda saklanýan gymmatly golýazmalary we olaryň ýüze çykarylyşy barada gürrüň berdiler. Şeýle hem Wekiliýetiň agzalary AMYA-nyň Nyzamy Genjewi adyndaky edebiýat institutynda Magtymguly Pyragy adyndaky «Türkmen edebiýaty merkeziniň» açylyş dabarasyna çagyryldy. Dabara TYA-nyň prezidenti Allaberdi Aşyrowyň, AMYA-nyň prezidenti Isa Habibbeýliniň, Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçisi Gurbanmämmet Ylýasowyň, azerbaýjanly alymlaryň, ýazyjylaryň, şahyrlaryň, mugallymlaryň, talyp ýaşlaryň we metbugat wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi.
AMYA-nyň prezidenti akademik Isa Habibbeýliniň açylyş dabarasynda eden çykyşynda şunuň ýaly merkeziň açylmagynyň doganlyk iki halkyň ylmy we edebi hyzmatdaşlygynda täze sahypa açýan taryhy wakadygyny nygtady. Dabara gatnaşýanlar Merkezde ýerleşdirilen Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijilik mirasy baradaky kitaplary, onuň portretleri we 17-nji maýda Aşgabadyň gözel künjeginde Gündogaryň eteginde türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň 60 metr beýiklikde ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylandygy baradaky maglumat bilen tanyşdylar.
Çärä gatnaşýanlar üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplaryny, şeýle hem türkmen halkynyň taryhy, edebiýaty we sungaty, milli gymmatlyklary baradaky dürli neşirleri öz içine alýan kitap sergisi guraldy. Şol ýerde-de Türkmenistanda üç dilde çap edilen türkmeniň beýik şahyrynyň saýlanan eserlerinden ybarat «Magtymguly» kitabynyň tanyşdyrylyşy boldy. Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy bellenýän ýylda Türkmen halkyna sowgat hökmünde azerbaýjanly awtorlaryň ‒ Nyzamy Genjewi adyndaky edebiýat institutynyň uly ylmy işgäri Ismihan Osmanlynyň «Magtymguly Pyragy. Poemalar» we tanymal taryhçy hem publisist Teýmur Ataýewiň Döwletmämmet Azada bagyşlanan «Wagzy – Azat: düýn, şu gün, ertir» atly iki sany täze kitabynyň tanyşdyrylyşy bolup geçdi.
Ondan soň bolup geçen «Türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragy we Azerbaýjan» atly halkara ylmy maslahatda iki ýurduň milli ylymlar akademiýalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçisi türkmeniň nusgawy akyldar şahyrynyň döredijiliginiň diňe bir şu iki ýurtda däl, eýsem bütin dünýäde giňden öwrenilýändigini we wagyz edilýändigini bellediler. Muny maslahatda çykyş eden türkmen we azerbaýjan alymlary-da tassykladylar.
30-njy maýda türkmen wekiliýetiniň agzalary «III Türki dünýäsiniň edebiýaty we kitaplarynyň festiwalynyň» çäginde geçen Türkmenistanyň gününe gatnaşdylar, onda Azerbaýjanyň halk artisti Gülýanag Mämmedowa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine aýdymlary ýerine ýetirdi.
Ylym-bilim pudagynda türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdi Aşyrowyň AMYA-nyň prezidenti Isa Habibbeýli we Baku döwlet uniwersitetiniň rektory Elçin Babaýew bilen duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ýokary okuw mekdebiň mugallymlary we talyplary bilen bolan duşuşykda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar ‒ Watanyň daýanjy» we «Änew ‒ müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplarynyň tanyşdyrylyşy boldy. Duşuşyga gatnaşanlara döwlet ýolbaşçysynyň ýaşlar syýasatyna we gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň Türkmenistanyň taryhy hem medeni mirasyny ýaýratmakdaky ähmiýeti we bu kitaplaryň mazmuny barada gürrüň berdiler.