Ï Binagärlik sungaty: däp bolan ýörelgeler we häzirki zaman meýilleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Binagärlik sungaty: däp bolan ýörelgeler we häzirki zaman meýilleri

view-icon 7804
Binagärlik sungaty: däp bolan ýörelgeler we häzirki zaman meýilleri

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Binagärlik gurluşykda döredilen sungatdyr» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bilim ministrligi we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen bilelikde guralan wekilçilikli forum Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna hem-de Ylymlar gününe bagyşlandy.

Utgaşykly görnüşde geçirilen maslahata gatnaşmaga Azerbaýjanyň, Belarusuň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Gazagystanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Gyrgyzystanyň, Malaýziýanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Türkiýäniň we beýleki döwletleriň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr professorlary, halkara guramalaryň, ýurdumyzda işleýän belli gurluşyk kompaniýalarynyň wekilleri çagyryldy.

Umumy mejlisiň açylyş dabarasynyň öň ýanynda oňa gatnaşyjylar esasy görkezme gymmatlyklary gyzykly binagärlik taslamalaryndan we çyzgylardan ybarat bolan sergi bilen tanyşdylar. Zehinli ýaş binagärleriň gaýtalanmajak pikirlerini we oýlap tapyşlaryny açyp görkezýän bu işler Watanymyzyň geljegine, şäherdir obalaryň mundan beýläkki ösüşine täzeçil garamaga iterýär. Serginiň özüne çekiji giňişligi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli şähergurluşyk syýasatynyň yzygiderli amala aşyrylyşyny aýdyň şöhlelendirdi.

Maslahatda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde gurluşyk pudagyna aýratyn orun degişlidir. Olaryň çäklerinde her ýylda önümçilik-tehniki, medeni-durmuş maksatly desgalaryň ýüzlerçesi gurlup ulanmaga berilýär hem-de döwrebaplaşdyrylýar. Tutuş Diýarymyzdaky giň möçberli gurluşyklar halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşynyň üpjün edilmegine, şäherlerde we obalarda ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýän zerur düzümleriň döredilmegine gönükdirilen durmuş ugurly döwlet syýasatynyň aýdyň dabaralanmasydyr. Goýberilýän ägirt uly maliýe serişdeleriniň, ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum gurşawynyň, hususy telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak boýunça durmuşa geçirilýän netijeli çäreleriň hasabyna bu günki gün Diýarymyzyň iň çetki künjeklerinde-de gysga möhletde ajaýyp binagärlik toplumlary, häzirki zaman edara binalary, amatly ýaşaýyş jaýlary, döwrebap enjamlar ornaşdyrylan iri önümçilik kärhanalary gurlup ulanmaga berilýär.

Dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň biri hökmünde öz derejesini barha berkidýän ak mermerli Aşgabat Watanymyzyň yzygiderli artýan kuwwatynyň, üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň aýdyň nyşanydyr. Paýtagtymyzyň gün-günden özgerýän ajaýyp keşbi hemmeleri haýrana goýýar. Onda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ýokary depgini, baý taryhy, halkymyzyň medeni däp-dessurlary şöhlelenýär. Baş şäherimiziň binagärlik toplumynyň üsti her ýyl täze gaýtalanmajak binalardyr desgalar bilen ýetirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, ähli sebitleriň toplumlaýyn ösdürilmegine uly üns berilýär. Munuň özi döwletimiziň oba ýerlerinde şäherdäkiden birjik-de kem bolmadyk döwrebap durmuş şertlerini kemala getirmäge jogapkärçilikli çemeleşýändiginiň beýanydyr.

Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzda gurlup ulanmaga berilýän desgalaryň binagärlik we dizaýn çözgütlerine aýratyn üns çekdiler. Bu desgalarda milli binagärlik däpleri bilen şähergurluşyk babatda dünýäniň häzirki zaman tejribesi sazlaşykly utgaşýar. Munuň özi milli gurluşyk pudagynyň döwrüň talaplary, iň gowy dünýä tejribeleri esasynda yzygiderli ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Öňdebaryjy binagärlik-gurluşyk çözgütleriniň, iň täze sanly tehnologiýalaryň sazlaşykly utgaşdyrylmagynyň nusgasy bolan Arkadag şäheri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Sebitde deňi-taýy bolmadyk “akylly” şäheriň gurulmagy türkmen döwletiniň ykdysady kuwwatynyň, ylmy-tehniki ösüşiň belentliklerine tarap okgunly öňe barýandygynyň anyk görkezijisidir.

Forumyň köp sanly wekilleriniň pikiriçe, kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesi berlen Arkadag şäheri dünýäniň şähergurluşyk taslamalarynyň hatarynda üýtgeşik täzelik boldy. Bu ýerde ýokary halkara, şol sanda daşky gurşawy goramagyň ölçeglerine laýyk gelýän toplumlaýyn desgalar ýaşaýjylary oňaýly şertlerdir amatlyklar bilen üpjün edýär. Adamlaryň abadan we bagtyýar ýaşaýşy bolsa Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugry bolmagynda galýar. Şunuň bilen baglylykda, maslahata gatnaşyjylar çykyşlarynda ýurdumyzda gurulýan ähli binalaryň we desgalaryň gurluşygynda ýokary hilli gurluşyk serişdelerinden peýdalanylýandygyny bellediler. Bu serişdeleriň aglabasy ýerli çig malyň esasynda öndürilýär. Gurluşyk serişdeleri saýlanyp alnanda, olaryň howa şertlerine, ekologik kadalara laýyklyk, berklik we ulanylyşynyň amatlylyk derejesi hökmany ýagdaýda hasaba alynýar.

Dünýä medeniýetine gaýtalanmajak taryhy-medeni ýadygärlikleri peşgeş eden türkmen halkynyň baý we köpugurly mirasyna aýratyn üns çekildi. Ýerli binagärleriň ýokary ussatlyk derejesine güwä geçýän bu ýadygärlikler gadymy binagärlik sungatynyň nusgalarydyr. Türkmen topragynda gülläp ösen meşhur şäherleriň — Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň we Nusaýyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi bu desgalaryň uly ähmiýetiniň halkara derejede ykrar edilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Maslahata gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlar çykyşlarynda öz halklarynyň binagärlik sungatynyň däp-dessurlary we aýratynlyklary, dünýä döwletlerinde işjeň ornaşdyrylýan häzirki zaman şäher gurluşygynyň innowasiýalary, täzeçil tehnologik işläp taýýarlamalary barada gürrüň berdiler. Amatly şäher gurşawyny, tebigat gözelligi bilen utgaşýan dizaýny kemala getirmek hem-de binagärlik-gurluşyk biliminiň netijeliligini artdyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ugurlary bilen baglanyşykly bolan maslahatlaşmalaryň dowamynda orta atylan meseleler uly gyzyklanma eýe boldy. Pursatdan peýdalanyp, ýygnananlar halkara maslahatyň ýokary guramaçylygy üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.

Forumyň çäklerinde binagärlik sungatynyň ösüşiniň geljekki ýollary, täzeçil ugurlary boýunça netijeli pikir alyşmalara orun berildi. Maslahatyň işi dört bölümçede dowam etdi. “Binagärlik innowasiýalary, döwrebap materiallar we tehnologiýalar”, “Binagärlik-gurluşyk biliminiň ösüşiniň mümkinçilikleri”, “Taryhy-medeni mirasyň asyl nusgasyny gorap saklamak”, “Şäherleriň durnukly ösüşiniň meseleleri” diýlip atlandyrylan bölümçelerde olaryň her biriniň mazmunlaýyn aýratynlyklaryna üns çekildi. Foruma gatnaşyjylaryň çykyşlary we ylmy makalalary ýörite ýygynda girizilip, çap edildi.

Daşary ýurtly myhmanlar üçin Aşgabat we Arkadag şäherleriniň gözel ýerlerine, täze gurulýan desgalara tanyşdyryş gezelençleri guraldy.