Ï Türkmenistanyň konserwatoriýasynda iňlis dili hepdeligi geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda iňlis dili hepdeligi geçirildi

view-icon 2744
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda iňlis dili hepdeligi geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlap, «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň ýörelgesiniň» durmuşa geçirilmegine gönükdirilen iňlis dili hepdeligini geçirdi.

Hepdeligiň çäginde geçirilen dabaraly çäreleriň we bäsleşikleriň maksady talyplaryň daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höwesini artdyrmak, nazary we amaly bilimlerini kämilleşdirmek, pikir ýöretmek hem toparlaýyn işlemek endiklerini ösdürmekdir.

Hepdeligiň açylyş dabarasy talyplary iňlis dünýäsine syýahata çagyrýan «Geliň, iňlis dünýäsine syýahat edeliň!» atly baýramçylyk sergisi bilen dowam etdirildi. Türkmen we iňlis medeniýetleriniň beýany bolan datly tagamlar we bezegler çärä gatnaşanlarda güýçli täsir galdyrdy. Hepdeligiň çäginde «Iňlis dilini öwretmegiň innowasion usullary» atly okuw-usuly maslahaty geçirildi. Bu maslahata Türkmen döwlet medeniýet institutynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyplary hem işjeň gatnaşdylar. Mundan başga-da, talyplaryň ýerine ýetirmeginde «Iňlis diliniň we sazyň sazlaşygy» atly dabaraly konserti geçirildi. Şeýle hem geçirilen birnäçe döredijilik hem-de zehin bäsleşikleri bolan «Brain-ring», «Karaoke-battle», «Guess the flag» talyplarda uly täsir galdyrdy. 

Hepdeligiň jemleýji gününde «Magtymguly Pyragy – dünýä äleminde» atly baýramçylyk sergisi iňlis we türkmen medeniýetleriniň nyşanyna öwrüldi. Bu çärede talyplar çeper sözüň meşhur ussadynyň goşgularyny iňlis we türkmen dillerinde labyzly okadylar. Şahyryň durmuşy esasynda sahnalaşdyrylan kompozisiýa tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi. Hepdeligiň ýapylyş dabarasy ýene bir ajaýyp konsert çäresi bilen tamamlandy.

Bu çäre Türkmenistanda alnyp barylýan ýaş nesle hünär saýlamakda we döwrebap bilimleri, şol sanda bütin dünýä gapy açýan daşary ýurt dillerini-de özleşdirmekde, şeýle hem ony ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemekde hemmetaraplaýyn goldaw bermek syýasatynyň netijeliliginiň subutnamasy boldy.