Özbegistanyň paýtagtynda «Merkezi Aziýa-Hytaý» seljeriji merkezleriniň dördünji forumy tamamlandy. Seljerijileriň abraýly maslahatynyň işine gündogarşynas, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar ylmy merkeziniň bilermeni Döwletmyrat Mämmedow gatnaşdy. Türkmenistan «Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy alymdan forumyň işi barada özünde galan täsirlerini paýlaşmagyny hem-de onuň pikiriçe, biziň sebitimizi ösdürmek üçin aýratyn möhüm görünýän ugurlar barada gysgaça durup geçmegini haýyş etdi.
– Ilki bilen, okyjylara sebitiň bilermenleriniň mundan ozalky forumynyň geçen ýylyň sentýabrynda Hytaýyň Şensi welaýatynyň Sian şäherinde geçirilendigini ýatlatmak isleýäris. Şonda ýüzden gowrak bilermenleri hem-de alymlary bir ýere jemlän maslahatyň esasy meselesi «Hytaý-Merkezi Aziýa» görnüşinde bitewi ykbalyň has ýakyn jemgyýetçiligini döretmek boýunça tagallalary birleşdirmekden ybarat boldy. Sianda medeni-siwilizasiýa dürlüliginiň şertlerinde gatnaşyjy ýurtlaryň durmuş-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmaga hem-de sebitara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen döwrebaplaşdyrmak wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şonda Türkmenistanyň sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meseleleri bilen baglanyşykly başlangyçlary we teklipleri barada maslahatda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, professor Jumamyrat Şamyradowiç Gurbangeldiýew giňişleýin çykyş etdi. Hususan-da, ol Merkezi Aziýa ulag-logistika ulgamyny işe girizmegiň zerurdygy barada gürrüň berdi. Munuň özi sebitde iri ulag merkezleriniň döredilendigini, täze üstaşyr geçelgeleriň kemala getirilendigini, şeýle hem halkara ulag ýollarynyň ugurlarynda gümrük, migrasiýa we beýleki amallaryň işjeňleşdirilendigini aňladýar.
Hytaý forumy sebitiň bilermenleriniň hem-de seljerijileriniň eýeleýän orunlaryny işjeňleşdirip, geljekde anyk wezipeleriň garalmagyna itergi berdi. Şol wezipeleriň çözülmegi sebitiň ýurtlarynyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuşynyň abadançylygyna iş ýüzünde ýardam edip bilerdi. Şoňa görä-de, görşümiz ýaly, häzirki Daşkent forumy bilermenleriň we alymlaryň ünsüni geljegiň ykdysadyýeti (sanly, innowasion we «ýaşyl» energetika) hem-de ählumumy gülläp ösüşi gazanmagyň möhüm ugry hökmünde ulag-logistika aragatnaşyklaryny ösdürmek baradaky anyk wezipelere jemledi.
Daşkent forumynyň guramaçylarynyň – Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik barlaglar instituty, Hytaýyň Jemgyýetçilik ylymlary akademiýasynyň Russiýa, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa institutynyň şu gezek forumyň işine gatnaşmaga sebitiň abraýly halkara seljeriş merkezleriniň hem-de görnükli alym-seljerijileriniň toparlaryny çekmegi başarmaklarynyň onuň abraýyny artdyrýandygyny aýtmak gerek. Daşkendiň «International Hotel Tashkent» myhmanhanasynyň örän oňaýly we häzirki zaman maslahatlar zalynda Hytaýyň Jemgyýetçilik ylymlary akademiýasynyň, Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň, Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik başlangyçlar milli institutynyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik barlaglar merkeziniň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik barlaglar institutynyň, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar ylmy merkeziniň ýolbaşçylary, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçileri hem-de sebitiň ýurtlarynyň we Hytaýyň beýleki esasy bilermenleri garalýan meseleler boýunça pikirlerini hem-de olaryň geljegi baradaky garaýyşlaryny paýlaşdylar.
Maslahatda beýan edilen çaklamalara görä, 2030-njy ýyla çenli Merkezi Aziýa ýurtlarynyň jemi içerki önüminiň umumy ösüşi ABŞ-nyň 700 milliard dollaryna çenli ýokarlanar, sebitden edilýän eksport bolsa ABŞ-nyň 200 milliard dollaryna ýeter. Şeýle uly ösüş sebitiň ýurtlaryndaky önümçilikleriň ep-esli artmagyna esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, çykyş eden köp sanly adamlaryň pikirine görä, sebitiň ýurtlarynyň ulaglar boýunça özara baglanyşyklylygynyň kemala getirilmegi durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň uly şertleriniň birine öwrülip biler. Şeýle hem sanly ulgamlary, hususan-da, sanly resminama dolanyşygyny we sanly tölegleri giňden ulanmak arkaly serhetlerden geçmegiň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň görülmeginiň sebitiň goşulan baha babatda ählumumy halka birleşmegi üçin wajyp bolup durýandygy bellenildi.
Halkara ulag geçelgeleriniň arasynda Gazagystany, Türkmenistany, Gyrgyzystany, Täjigistany we Özbegistany öz içine alýan «Günorta geçelgäni» has-da ösdürmegiň möhümdigi bellenildi. Şu babatda ýakynda işe girizilen «Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe» demir ýolunyň uly mümkinçilige eýedigi barada-da aýdyldy. Ol Günorta Aziýanyň, GDA-nyň hem-de Ýewropanyň arasynda gatnamakda sarp edilýän wagty we çykdajylary ep-esli azaldýar.
Umuman, forumda çykyş edenleriň pikirine görä, Merkezi Aziýanyň üsti bilen ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi ykdysady ösüş hem-de sebit boýunça ýakynlaşmak üçin uly mümkinçilikleri açýar. Bar bolan meseleleri bilelikde çözüp we infrastruktura maýa goýmak arkaly bu geçelgeleriň sebiti mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge ýardam berip, söwda etmek üçin has oňaýly ugurlara öwrüljekdigini ynamly aýdyp bolar. Öňe tarap bilelikde hereket edip, Merkezi Aziýany dünýä derejäsindäki söwdanyň örän möhüm merkezine öwrüp bolar.