Ï «Türkmenistanda ylym we tehnika» žurnalynyň ikinji sany çapdan çykdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmenistanda ylym we tehnika» žurnalynyň ikinji sany çapdan çykdy

view-icon 2202
«Türkmenistanda ylym we tehnika»  žurnalynyň ikinji sany çapdan çykdy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň saýtynda neşir edilen «Türkmenistanda ylym we tehnika» atly ylmy-nazary žurnalyň täze sanynda türkmen alymlarynyň ylmy garaýyşlarynyň giň toplumy barada düşünje berilýär. Ol taryh, etnografiýa, çeper edebiýat, dil bilimi, jemgyýeti öwreniş, kanun, biologiýa we lukmançylyk boýunça makalalary öz içine alýar.

Žurnalyň şu sany A.Gylyjowyň «Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynda taryhy şahsyýetler» atly makalasy bilen açylýar. N.Amanlyýewiň «Parfiýanyň Aziýa zikgeleri» we A.Jumagylyjowyň «Seljuklar zamanynyň hassahanalary» atly makalalary taryhy mowzuga bagyşlanýar. Žurnalyň şu sanyndaky iki makala şu ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygary bilen baglanyşyklydyr. Olar N.Suhanowyň «Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň ähmiýeti» we N.Ýagşymyradow bilen B.Çaryýewanyň «Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan kitaplaryň çeper bezegi» makalalarydyr.

Žurnalda ýer alan «Türkmenistanda durmuş goraglylygy ulgamynyň ösüşi», «Hukuk bozulmalarynyň öňüni almagy we olary duýdurmagy kanunçylyk taýdan düzgünleşdirmegiň derwaýys meseleleri», «Türkmenistanyň daşary syýasatynda lukmançylyk diplomatiýasynyň esasy ugurlary» baradaky makalalar şu ugur boýunça hünärmenleriň ünsüni özüne çeker. Täzeden dikeldip bolýan energiýany ösdürmek ýaly wajyp mowzuga «Gün we ýel energiýa çeşmelerini bahalandyrmakda sanly ulgam» atly makala-da gyzyklanma döredýär.