Ï Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysynyň Aziýa Kubogy – 2025-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysynyň Aziýa Kubogy – 2025-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy

view-icon 1539
Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysynyň Aziýa Kubogy – 2025-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy

Şu gün Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen ýetginjekler (U17) ýygyndylarynyň arasynda geçiriljek Aziýa Kubogy – 2025-iň saýlama tapgyrynyň bije çekişlik dabarasynyň netijesinde ýurdumyzyň ýetginjekler ýygyndysy «D» toparçada Taýlandyň, Hindistanyň hem-de Bruneýiň ýygyndy toparlary bilen bäsleşer.

10 toparça bölünen 43 topar bu bäsleşige gatnaşar.

Türkmenistan we onuň garşydaşlary «D» toparçada 23–27-nji oktýabr aralygynda Taýlandda bir aýlawda geçiriljek duşuşyklarda güýçlini saýlarlar.

Türkmen futbolçylary ilkinji duşuşygynda 23-nji oktýabrda Taýlandyň ýygyndy toparyna garşy oýnar. 25-nji oktýabrda geçiriljek ikinji tapgyrda olar Hindistanyň ýygyndy toparynyň deň-duşlary bilen duşuşarlar. Saýlama ýaryş 27-nji oktýabrda Bruneýiň ýygyndy toparlary bilen boljak duşuşyk bilen jemlener.

Beýleki toparlarda şular bäsleşerler:

«A»: Eýran, Iordaniýa (meýdança eýesi), Siriýa, Gonkong, Hytaý, Demirgazyk Koreýa.

«B»: Owganystan, Bangladeş, Kamboja (meýdança eýesi), Filippinler, Makao.

«C»: Koreýa Respublikasy, Hytaý (meýdança eýesi), Bahreýn, Butan, Maldiwler.

«E»: Özbegistan, Yrak, Taýwan (meýdança eýesi), Palestina.

«F»: Ýaponiýa, Katar (meýdança eýesi), Mongoliýa, Nepal.

«G»: Awstraliýa, Indoneziýa, Kuweýt (meýdança eýesi), Demirgazyk Mariana adalary.

«H»: Malaýziýa, Laos (meýdança eýesi), BAE, Liwan.

«I»: Ýemen, Wýetnam (meýdança eýesi), Gyrgyzystan, Mýanma.

«J»: Täjigistan, Oman, Singapur (meýdança eýesi), Guam.

2025-nji ýylyň 3–20-nji apreli aralygynda Saud Arabystanyda geçiriljek ýetginjekler ýygyndysynyň (U17) Aziýa Kubogy – 2025-iň final tapgyryna toparçalaryň ýeňijileri we toparçalarda ikinji orny eýelän ýygyndylaryň iň gowy netije görkezen bäş topary gatnaşar.

Saýlama tapgyr bolan jemleýji tapgyryň netijesi boýunça iň gowy futbol ýygyndy toparlary 20-nji ýetginjekler dünýä çempionatynda Aziýa wekilçilik etmek hukugyny alarlar. 2025-nji ýyldan başlap, 48 toparyň gatnaşmagynda her ýyl geçiriljek 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda dünýä çempionatynyň düzgüni üýtgär. 2025-nji ýyldan 2029-njy ýyla çenli ýetginjekler dünýä çempionatynyň indiki bäş ýaryşy Katarda geçiriler.