Ï Türkmenistan söwda we ýük daşamagy ýönekeýleşdirmek boýunça halkara maslahata gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan söwda we ýük daşamagy ýönekeýleşdirmek boýunça halkara maslahata gatnaşdy

view-icon 3038
Türkmenistan söwda we ýük daşamagy ýönekeýleşdirmek boýunça halkara maslahata gatnaşdy

11-12-nji iýunda Gazagystanyň Aktau şäherinde söwda we ýük daşamagy ýeňilleşdirmek mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça 15-nji halkara maslahaty geçdi, oňa Türkmenistanyň adyndan «Türkmen Logistika» Assosiasiýasynyň uly utgaşdyryjysy Sapa Gurbanberdiýew gatnaşdy.

Bu çäre BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan birnäçe halkara we milli hyzmatdaşlar bilen bilelikde 2023-nji ýylyň 24-nji noýabrynda kabul edilen «BMG-niň hukuk resminamalaryny we ülňülerini ulanmak bilen, Hazaraşa ulag däliziniň ugry bilen maglumatlaryň we resminamalaryň multimodal alyş-çalşygy üçin SPEKA ýol kartasyny» durmuşa geçirmek üçin guraldy.

Maslahata gatnaşanlar ýol kartasynyň maksatlaryna laýyklykda, Hazaraşa dälizde we SPEKA-nyň beýleki dälizlerinde anyk resminamalary we üpjünçilik ulgam böleklerini sanly üýtgetmek üçin iş talaplaryny kesgitlediler. Maslahatyň maksady däliziň ugrunda maglumat we resminamalaryň alyş-çalşygyny sazlaşdyrmak we sanlylaşdyrmak üçin niýetlenen ýurtlarda innowasion çemeleşmeleri durmuşa geçirmek üçin mümkinçilikleri artdyrmak we tehniki başarnyklary ösdürmekdir. Bu BMG-niň SEFAKT ülňülerine we goşmaça gurallaryna laýyklykda, elektron maglumat alyş-çalşygyny amala aşyrmak üçin bilimleriň we tehnologiýalaryň birek-birege geçirilmegini öz içine alýar. Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşanlar BMG-niň SEFAKT ülňüleriniň Hazaraşa däliziniň port jemgyýetlerinde, hususan-da, Baku, Türkmenbaşy, Aktau we Kuryk portlarynda multimodal maglumat alyş-çalşygynda ulanylyşyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Maslahatda geçiş ykdysadyýetli sebit ýurtlarynda port jemgyýetçilik ulgamlaryny ornaşdyrmagyň öňdebaryjy tejribeleri, maglumatlary hem resminamalary alyş-çalşygy standartlaşdyrmak boýunça teklipleri işläp düzmek, söwda we ulag resminamalaryny (ýol bellikleri, ýük kagyzlary we goşmaça resminamalar) sanlylaşdyrmak mümkinçiligi, utgaşykly daşalýan harytlara, TMTM, TRASEKA we beýleki ösüş hyzmatdaşlary bilen bilelikde maglumat alyş-çalşygyny sanlylaşdyrmagyň anyk barlagyny synagdan geçirmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Maslahatyň netijeleri multimodal maglumatlary sanlylaşdyrmagyň we «BMG-niň hukuk resminamalaryny we ülňülerini ulanmak bilen, Hazaraşa ulag däliziniň ugry bilen maglumatlaryň we resminamalaryň multimodal alyş-çalşygy üçin SPECA ýol kartasyny» durmuşa geçirmegiň çäginde amaly synag taslamalaryny işläp düzmekde mundan soňky ädimleri kesgitlemek üçin esas bolar.