Ï Ilkinji uçurymlar taýýarlygyň täze ugurlary boýunça Türkmen döwlet maliýe institutyny tamamladylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ilkinji uçurymlar taýýarlygyň täze ugurlary boýunça Türkmen döwlet maliýe institutyny tamamladylar

view-icon 3233
Ilkinji uçurymlar taýýarlygyň täze ugurlary boýunça Türkmen döwlet maliýe institutyny tamamladylar

Türkmen döwlet maliýe institutynda ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlan uçurymlaryň hormatyna dabaraly çäre geçirildi.

Tamamlanan okuw ýylynda maliýe institutyny uçurymlar «Maliýe», «Maliýe seljermesi», «Pul dolanyşygy we karz», «Bank işi we maliýe», «Salgytlar we salgyt salmak», «Ätiýaçlandyryş işi», «Birža işi», «Buhgalterçilik hasaby we audit» hünärleri boýunça tamamladylar.

Her ýyl däp boýunça geçirilýän waka şu ýyl aýratyn häsiýete eýe boldy, çünki onuň esasy gahrymanlarynyň hataryna «Maliýe menejmenti» hem-de «Ykdysady informatika» diýen täze ugurlaryň uçurymlary goşuldylar. Mundan başga-da, ýokary okuw mekdepde «Halkara maliýe» ugry boýunça bakalawrlaryň, şeýle hem «Telekeçilik we maliýe» ugry boýunça magistrleriň ilkinji goýberilişi boldy. 

Ýokary okuw mekdepde hünär taýýarlygynyň täze ugurlary ýurduň depginli ösýän maliýe ulgamy üçin hünär derejeli, isleg bildirilýän ygtybarly we ökde işgärleri taýýarlamak maksady bilen girizildi. Uçurymlar okuw döwürlerinde öz hünärleri boýunça nazary we amaly bilimleri aldylar. Olar tejribeliklerinde geljekde işlerini üstünlikli alyp barmaklary üçin goşmaça başarnyklary edinmäge mümkinçilige eýe boldular. Okuw döwründe daşary ýurt dilleriniň hem-de sanly tehnologiýalaryň öwredilmegine aýratyn üns berildi. 

Dabaranyň dowamynda Türkmen döwlet maliýe institutynyň ýolbaşçylarynyň, professorlarynyň, mugallymlarynyň, talyplarynyň adyndan uçurymlara mähirli gutlag sözleri aýdyldy we ak ýol arzuw edildi. 

Döwletimizde ýokary derejeli zehinli hünärmenleri taýýarlamagyň ileri tutulýan wezipe bolup durýandygy, şol wezipäni üstünlikli ýerine ýetirmek üçin hemme zerur şertleriň döredilendigi nygtaldy. 

Çykyşlarda institutyň häzirki uçurymlarynyň ýakyn wagtda zähmet ýoluna başlap, milli ykdysadyýeti pugtalandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna ynam bildirildi. Olaryň ele alan bilimleri we ukyp-başarnyklary ýurdy durnukly ösdürmek, ykdysady abadançylyk we Türkmenistany has-da gülledip ösdürmek ugrunda ýaş nesilleriň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmegine ýardam berer. 

Baýramçylyk meýdançasynda uçurymlar üçin ýokary okuw mekdebiň «Bagtyýarlyk joşguny» döredijilik toparyndan aýdym-sazly gutlaglar ýaňlandy.