Ï Türkmen agyr atletikaçylary hytaýly hünärmeniň ýolbaşçylygynda Gruziýada türgenleşýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen agyr atletikaçylary hytaýly hünärmeniň ýolbaşçylygynda Gruziýada türgenleşýärler

view-icon 3811
Türkmen agyr atletikaçylary hytaýly hünärmeniň ýolbaşçylygynda Gruziýada türgenleşýärler

Türkmen agyr atletikaçylary Gruziýada meşhur Bakuriani dag lyžasy şypahanasynda okuw-türgenleşigini geçýärler. 52 ýaşly hytaýly tanymal hünärmen Lin Şoufengyň ýolbaşçylygynda 8 türgenden ybarat Türkmenistanyň milli ýygyndysy bu ýerde 20-nji iýuna çenli halkara ýaryşlaryna taýýarlanar.

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinde habar berlişi ýaly, Gruziýadaky okuw-türgenleşigine giden toparyň hatarynda birinji derejeli türgen Asal Kerimbaýewa we sport ussatlary Anamdan Rustamowa, Seýitjan Mirzaýew, Bunýad Raşidow, Bektimur Reýimow, Gaýgysyz Töräýew, Şahzadbek Matýakubow we Dawranbek Hasanbaýew bar. 

Dawranbek üçin daglyk ýerdäki häzirki okuw-türgenleşigiň ähmiýeti uludyr. Dawranbek Hasanbaýewiň wezipesi şu ýyl tomus Fransiýanyň paýtagtynda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna doly taýýarlyk görmekdir.

Aprel aýynda Phuketde (Taýland) geçirilen Dünýä kubogy ugrunda ýaryşda 23 ýaşly Dawranbek silterläp götermekde (187 kg) altyn medal eýeledi we iki synanşykda (392 kg) netije bilen bäşinji orna düşdi. Bu oňa dünýä reýtingindäki ornuny 18 dereje ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi we ol 26-njy ýerden 8-nji orna çykdy. 102 kilograma çenli agram derejesinde iň güýçli agyr atletikaçylaryň onlugyna giren D.Hasanbaýew 2024-nji ýylyň 26-njy iýulyndan 11-nji awgustyna çenli Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

75 kilograma çenli agramda 1991-nji ýylda ýetginjekler dünýä çempionatynda bürünç medal gazanan, 1996-njy ýylda Atlantada geçirilen Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan Lin Şufen Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi hökmünde geçen ýylyň güýzden bäri türgenlerimiz bilen işleşýär. Onuň ýolbaşçylygynda türkmen agyr atletikaçylary 2023-nji ýylyň dekabrynda Dohada (Katar) geçirilen II halkara Gran-pri ýaryşynda, 2024-nji ýylyň fewralynda Daşkentde (Özbegistan) geçen Aziýa çempionatynda we şu ýylyň aprel aýynda Phuketde guralan (Taýland) Dünýä kubogy ýaryşynda dürli derejeli birnäçe medal gazandylar. 

Gruziýada geçirilýän okuw-türgenleşikde hytaýly hünärmen Lin Fuşen agyr atletikaçylar bilen Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Mansur Rejebow bilen bilelikde işleýär.