Ï Türkmenistanyň adaty karate boýunça milli ýygyndy toparynyň türgenleri Merkezi Aziýanyň çempionatynda 9 medal eýelediler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň adaty karate boýunça milli ýygyndy toparynyň türgenleri Merkezi Aziýanyň çempionatynda 9 medal eýelediler

view-icon 3404
Türkmenistanyň adaty karate boýunça milli ýygyndy toparynyň türgenleri Merkezi Aziýanyň çempionatynda 9 medal eýelediler

Türkmenistanyň adaty karate boýunça milli ýygyndy topary Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň çempionatynda dokuz medal gazandylar.

Ýaryşa 5 döwletden 300 töweregi türgen gatnaşdy. Olar kata (görkezme maşklary) we kumite (tutluşyklar) görnüşlerinde dürli ýaş aýratynlyklary boýunça medallar ugrunda göreşdiler.

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinde habar berlişine görä, Türkmenistanyň ýygyndy toparyna 12 türgen wekilçilik etdi, olaryň dokuzy 4 altyn, 3 kümüş we 2 bürünç medal bilen Watana gaýdyp geldiler.

Aşgabat şäherindäki 45-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Yhlas Annagurbanow (14-15 ýaşly türgenleriň arasynda – kata), Aşgabat şäherindäki 2-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Ybraýym Şagulyýew (14-15 ýaşly türgenleriň arasynda – kumite), Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 1-nji ýyl talyby Nurgeldi Annagurbanow (18-21 ýaşly türgenleriň arasynda – kata) we Aşgabat şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 1-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Selim Myratdurdyýew (22-25 ýaşly türgenleriň arasynda – kumite) altyn medala mynasyp boldular.

Aşgabat şäherindäki 66-njy orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Serdar Baýryýew (22-25 ýaşly türgenleriň arasynda – kumite), Aşgabat şäherindäki 42-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Ýagmyrmyrat Sähetmyradow (18-21 ýaşly türgenleriň arasynda – kumite) we Türkmenistanyň Milli Adaty karate federasiýasynyň türgeni Gurbannazar Hümmedow (22-25 ýaşly türgenleriň arasynda – kumite) kümüş medal eýelediler.

Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 80-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Ýunus Muhammetgulyýew (14-15 ýaşly türgenleriň arasynda – kumite) we Türkmenistanyň Milli Adaty karate federasiýasynyň türgeni Myratbek Baltaýew (22-25 ýaşly türgenleriň arasynda – kumite) hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdylar.

Türkmenistanyň ýygyndy topary medallaryň sany boýunça üçünji orny eýeledi.

Ýygyndy toparymyzy Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Döwlet Berdiýew we onuň kömekçileri Kemal Ataýew, Diýar Hojaýew hem-de Eýmur Mädeminow Merkezi Aziýa çempionatyna taýýarladylar.