Ï Türkmenistanda «Oguzhanyň zehinli nesilleri» atly II utgaşykly olimpiadanyň ýeňijileri yglan edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda «Oguzhanyň zehinli nesilleri» atly II utgaşykly olimpiadanyň ýeňijileri yglan edildi

view-icon 5136
Türkmenistanda «Oguzhanyň zehinli nesilleri» atly II utgaşykly olimpiadanyň ýeňijileri yglan edildi

Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti «Oguzhanyň zehinli nesilleri» atly II utgaşykly olimpiadanyň ýeňijilerini yglan etdi. Bäsleşik ýokary okuw mekdebi tarapyndan ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 9-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirildi.

Olimpiadanyň netijeleri boýunça okuwçylaryň 21-sine baýrakly orunlar berildi.

Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň okuwçylary Mährijemal Gündogdyýewa, Aýgül Atajanowa, Pälwan Ilmämmedow, şeýle hem Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky 43-nji orta mekdebiň okuwçysy Döwlet Annamyradow we Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 28-nji orta mekdebiň okuwçysy Şatlyk Mätkulow birinji orunlaryň 5-sini eýelediler.

Paýtagtymyzdan hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan olimpiada gatnaşan okuwçylaryň has zehinli we ukyply okuwçylary 4 sany ikinji hem-de 12 sany üçünji orunlara mynasyp boldular. Bäsleşikde Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň okuwçylarynyň aýratyn tapawutlanyp birinji orunlaryň 3-siniň, ikinji orunlaryň 4-siniň we ýene-de üçünji baýrakly orunlaryň 4-siniň eýeleri bolandyklaryny bellemek gerek.

Sylaglanyş dabarasynyň dowamynda olimpiadanyň ýeňijilerine Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň medallary, diplomlary we gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

Matematika, fizika, himiýa, biologiýa boýunça II utgaşykly olimpiadanyň 3 tapgyry özünde jemländigi hem-de şu ýylyň mart aýynda başlanandygyny ýatlap geçmek ýerlikli bolar. Bäsleşigiň birinji tapgyrynda tutuş ýurdumyzdan 23 müň mekdep okuwçylary çykyş etdiler. Şolardan 800-si ikinji tapgyrda intellektual bäsleşigi boýunça dowam etdiler. Olimpiadanyň finalynda ders boýunça zehinlileriň iň gowularynyň 65-si çykyş etdiler.

Olimpiadanyň I, II we III tapgyrlaryny geçen okuwçylaryň ählisi uniwersitetiň «Oguzhanyň zehinli nesilleri» atly Altyn gaznasynyň düzümine giriziler. Onuň agzalary ýokary okuw mekdebe girmäge synanyşanlarynda ýeňillikden peýdalanýandyklaryny bellemek gerek.

Jemleýji tapgyryň çäklerinde finala gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiň binýadynda bäş günlük tomusky mekdep guraldy. Bu ýerde intellektual we sport ýaryşlary, dürli dersler boýunça goşmaça okuwlar, şeýle hem häzirki zaman ylmynyň we biliminiň möhüm ugurlaryna bagyşlanan täsirli okuwlar geçirildi. Mekdep okuwçylary üçin okuwlar ýokary okuw mekdebiň tejribeli mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda geçdi. Şeýle hem bäsleşige gatnaşan okuwçylary ýokary okuw mekdebiň «Oguzhan» ylmy-tehnologik merkeziniň ýaş alymlary tarapyndan geçirilýän taslama hem-de ylmy-barlag işleri bilen giňden tanyşdyryldy.

Ikinji yzly-yzyna geçirilýän utgaşykly olimpiada ýurdumyzyň zehinli ýaşlaryny özüne çekmek boýunça uly işleri alyp barýan Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiň hünäre ugrukdyryş taslamalarynyň biridir.

Olimpiadanyň Türkmenistanda tebigy we takyk ylymlar boýunça dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmek baradaky meýilnama laýyklykda, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak, okuwçylary ylymlary öwrenmäge gyzyklanmalaryny höweslendirmek, innowasion tehnologiýalary üstünlikli ulanyp bilýän, giňişleýin pikirlenmäge hem-de öňünde goýlan wezipeleri özbaşdak çözmäge ukyply başarjaň, zehinli, işjeň ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýändigini nygtamak gerek.