Ï «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekilleri gämi gatnawy boýunça bilermenleriň maslahatyna gatnaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekilleri gämi gatnawy boýunça bilermenleriň maslahatyna gatnaşdylar

view-icon 1261
«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekilleri gämi gatnawy boýunça bilermenleriň maslahatyna gatnaşdylar

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň işgärlerinden ybarat bolan türkmen wekiliýeti Taýland Patyşalygynyň Pattaýa şäherinde geçirilen Aziýa we Ýuwaş umman sebitinde özbaşdak gämi gatnawy pudagy boýunça bilermenler toparynyň maslahatyna gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşanlar özbaşdak gämi gatnawyny ösdürmegiň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, halkara konwensiýalaryň talaplaryny ýerine ýetirmekde, gämi gatnawynyň howpsuzlygyny üpjün etmekde we daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almakda gazananlaryny hem öňdebaryjy tejribelerini paýlaşdylar. Olar özbaşdak gämi gatnawyny ösdürmek boýunça sebitleýin taslamany durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine garadylar.

Gämi gurluşygynda täze özbaşdak tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly, gämileriň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Maslahata gatnaşanlar mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem Pattaýa portlarynyň işi bilen tanyşdylar. Saparyň dowamynda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekilleri dürli port terminallarynda tanyşdyryş çärelerine we «Laem Chabang» portunda geçirilen söhbetdeşliklere gatnaşdylar.