Ï Döwletmyrat Annaýew Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy futbol toparyna (U20) ýolbaşçy boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwletmyrat Annaýew Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy futbol toparyna (U20) ýolbaşçy boldy

view-icon 3521
Döwletmyrat Annaýew Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy futbol toparyna (U20) ýolbaşçy boldy

43 ýaşly futbol hünärmeni Döwletmyrat Annaýew baş tälimçi hökmünde Türkmenistanyň ýaşlar (20 ýaşa çenli) ýygyndy toparyny Aziýa Kubogy – 2025-iň saýlama oýunlaryna taýýarlar. Bu karar Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan kabul edildi.

25–30-njy sentýabr aralygynda Bişkekde geçiriljek Aziýa Kubogy – 2025-iň saýlama ýaryşynda türkmen futbolçylarynyň bäsdeşleri Ýaponiýanyň, Gyrgyzystanyň we Mýanmanyň ýaşlar toparlary bolar. Bular «I» toparyna girýärler.

Aziýa ýaşlar (U20) kubogynyň saýlaw ýaryşynda 10-a bölünen 45 topar çykyş eder. 2025-nji ýylyň 6–24-nji fewralynda Hytaýda geçiriljek jemleýji bölüme toparlaryň ýeňijileri we ikinji ýerleri eýelänleriň arasyndan iň gowy bäş topar çykar. Aziýa Kubogy – 2025-iň saýlama oýunlaryna taýýarlygyň çäginde Döwletmyrat Annaýewiň topary 5–13-nji iýul aralygynda Jalal-Abat şäherinde (Gyrgyzystan) geçiriljek ýaşlar (20 ýaşa çenli) toparlarynyň arasynda Merkezi Aziýa Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) çempionatyna gatnaşar.

Bu ýaryşyň birinji tapgyrynda türkmen futbolçylary «B» toparda Eýranyň we Özbegistanyň toparçalary bilen oýnar. 5-nji iýulda ildeşlerimiz özbegistanly deň-duşlary bilen, 7-nji iýulda bolsa eýranly garşydaşlary bilen duşuşarlar.

«A» toparynda Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Owganystanyň ýaşlar ýygyndy toparçalary çykyş eder.

Toparlaryň ýeňijileri finala çykarlar. Öz toparlarynda ikinji orny eýeleýän toparçalar bolsa bürünç medallar ugrunda bäsleşer. Şeýle hem bäşinji we altynjy ýerler üçin teselli oýny geçiriler.

Döwletmyrat Annaýewiň baý tälimçilik tejribesi bar. Ol 2019-njy ýylda «Köpetdag» topary birinji liga çykardy, soň Tofik Şükürowyň bu topar bilen ýokary ligada işlemegine kömekleşdi, baş tälimçi hökmünde «Aşgabat» FK-a, şeýle hem Iordaniýada geçen Aziýa birinjiliginiň saýlaw ýaryşynda Türkmenistanyň ýaşlar toparyna (U17) ýolbaşçylyk etdi.

D.Annaýew Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparynyň (U20) baş tälimçisi wezipesine bellenmezden ozal, milli futbol çempionatynyň ikinji aýlawyndan başlap, «Ahal» topary türgenleşdirdi. Özi-de üstünlikli. Onuň ýolbaşçylygynda «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň topary Türkmenistanyň çempionatynyň 8 oýnunda 6 ýeňiş gazandy, «Altyn asyr» topary bilen oýnan bir oýnuny 2:2 hasabynda deňme-deň tamamlady we diňe bir oýunda ýurduň häzirki çempiony «Arkadag» toparyndan utuldy – 0:4.