Ï Ýyldyza «Arkadag» adynyň dakylandygy baradaky güwänama Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşuryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýyldyza «Arkadag» adynyň dakylandygy baradaky güwänama Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşuryldy

view-icon 1586
Ýyldyza «Arkadag» adynyň dakylandygy baradaky güwänama Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşuryldy

1-nji iýulda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Pegas ýyldyz toparyndaky ýyldyza «Arkadag» adynyň dakylandygyna şaýatlyk edýän güwänamanyň gowşurylyş dabarasy boldy.

Güwänama bilen birlikde, ýurdumyzyň iň baýry we abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine teleskop we onuň düşüren suratlary berildi.

Mälim bolşy ýaly, asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlary Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli we bu şähere buýsanjyň nyşany hökmünde asmandaky ýyldyzlaryň birini «Arkadag» diýip atlandyrdylar.

Bu baradaky hoş habar 29-njy iýunda, şäheriň şanly senesiniň bellenilen gününde bu ýerde geçirilen baýramçylyk maslahatynyň barşynda beýan edildi. Şeýle hem watandaşlarymyzy ýyldyz baradaky maglumat bilen tanyşdyrmak maksady bilen, degişli güwänamany, teleskopy we fotosuratlary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurmak barada çözgüt kabul edildi.

Bu ýere gelen myhmanlar paýtagtymyzdaky uniwersitetiň professor-mugallymlar düzümini we talyplaryny baýramçylyk hem-de şanly waka bilen mähirli gutladylar.