Ï Daşoguz welaýatynyň kärendeçileri bugdaý ýygymy boýunça meýilnamalaryny ýerine ýetirýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz welaýatynyň kärendeçileri bugdaý ýygymy boýunça meýilnamalaryny ýerine ýetirýär

view-icon 725
Daşoguz welaýatynyň kärendeçileri bugdaý ýygymy boýunça meýilnamalaryny ýerine ýetirýär

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky «Aksaraý» daýhan birleşiginiň gallaçylary ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek işine saldamly goşant goşýarlar. Olar güýzlük bugdaý taýýarlygy boýunça bellenen ýyllyk tabşyrygy ýüz otuz göterimden gowrak ýerine ýetirdiler.

Bu hojalyk öňdebaryjy gallaçylardan biridir, hut şonuň üçin-de onuň zähmetkeşlerine welaýatda häzirki orak möwsüminiň başyny başlamak ýaly abraýly hukuk berildi. Bu ýerde galla parç bolup ýetişdi, daýhan birleşigi bolsa ýygym guramaçylarynyň gowy guralmagy netijesinde, göz öňünde tutulan wezipäni gysga wagtyň içinde üstünlikli ýerine ýetirmegiň hötdesinden geldi.

Daýhanlaryň üstünlik gazanmagyna, öz işiniň hakyky ussady saýylýan B.Täşliýew, M.Garryýew, T.Baýramgulyýew, A.Annakowa ýaly kärendeçiler möhüm goşant goşdular. B.Täşliýew 90 tonnadan gowrak galla ösdürip, kabul ediş nokadyna tabşyrdy, M.Garryýewiň meýdanyndan bolsa kombaýn bilen 84 tonna güýzlük bugdaý ýygyldy.

Bu ýyl Görogly etrabynyň hojalyklarynda 15 ýarym müň gektarda galla ösdürilip ýetişdirildi. Umuman alanyňda, Daşoguz welaýatynda güýzlük bugdaýyň gowy hasyly ösdürilip ýetişdirildi.

Ýygymyň häzirki ýokary depgini welaýatyň daýhanlarynyň meýilnamalaşdyrylan ýyllyk işleri ýakyn geljekde ýerine ýetirip, hasyl möwsümini üstünlikli tamamlajakdyklaryna ynam bildirmäge doly esas berýär.