Ï Futbol boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy topary (U20) CAFA-2024 çempionatyna gatnaşmak üçin Gyrgyzystana ugrady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Futbol boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy topary (U20) CAFA-2024 çempionatyna gatnaşmak üçin Gyrgyzystana ugrady

view-icon 1422
Futbol boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy topary (U20) CAFA-2024 çempionatyna gatnaşmak üçin Gyrgyzystana ugrady

Şu gün Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparynyň futbolçylary Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Daşoguzyň, Ürgenjiň, Daşkendiň, Bişkegiň üsti bilen 5-nji iýuldan 12-nji iýul aralygynda Gyrgyzystan Respublikasynyň Jalal-Abad şäherinde 20 ýaşa ýetmedik ýaşlar ýygyndy (U20) toparlarynyň arasynda geçiriljek Merkezi Aziýa Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) çempionatyna gatnaşmak üçin ýola düşdüler.

Ýaryşa 2-ä bölünen 6 topar gatnaşar.

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy topary Eýranyň we Özbegistanyň toparlary bilen «B» toparçada, «A» toparçada bolsa Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Owganystanyň ýaşlar ýygyndy toparlary duşuşarlar.

CAFA-2024 çempionatyna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Döwletmyrat Annaýew, ýaşlar milli çempionatyna gatnaşýan ýurdumyzyň 7 toparyndan 23 futbolçyny çagyrdy. Toparyň hatarynda derwezebanlar Seýran Aşyrow («Ahal»), Dawut Dawatow («Aşgabat»), Ysmaýyl Gulow («Energetik»), goragçylar Beglimuhammet Bekmyradow, Mekan Muhammedow, Gurbangeldi Garajaýew, Maksat Ilmyradow (hemmesi «Ahal»), Hangeldi Berdiýew, Orazmyrat Nepesow (ikisem «Arkadag»), Ysmaýyl Kambarow («Altyn asyr»), ýarym goragçylar Ýakupmuhammet Gowşudow, Ybraýym Amangeldiýew, Begenç Agajumaýew (hemmesi «Ahal»), Magtymguly Papyýew («Arkadag»), Hajymuhammet Orazow («Köpetdag»), Gurbanguly Garaýew («Şagadam»), Ali Zulfakar («Nowbahor», Özbegistan), hüjümçiler Gurban Esenow, Medet Gaýypnazarow, Yslam Annamyradow (hemmesi «Ahal»), Enwer Annaýew, Eduard Sarkisýan (ikisem «Arkadag») we Magtymberdi Berenow («Nebitçi») bar.

CAFA-2024 çempionatyna taýýarlygyň çäklerinde Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy topary ýoldaşlyk duşuşyklarynyň üçüsini geçirdi. Olaryň birinji duşuşygynda Döwletmyrat Annaýewiň topary ýurdumyzyň çempionynyň ätiýaçdaky «Arkadag-2» toparyny 2:0 hasabynda ýeňdi. Birinji pökgini Magtymberdi Berenow jerime urgusynda, ikinji pökgini bolsa Yslam Annamyradow tora girizdi.

Ýaşlar ýygyndy topary beýleki iki duşuşygyny «Aşgabat» topary bilen «Nusaý» stadionynda geçirdi. Birinji duşuşygyň birinji ýarymynda Enwer Annaýewiň we Begenç Agajumaýewiň tagallasy bilen 2:0 hasabynda öňe çykan Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy topary netijede duşuşyk 2:2 hasabynda deňme-deň tamamlandy. Ikinji duşuşykda bolsa 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Ýeňiş pökgüsini Gurbangeldi Garajaýew tora saldy.

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy topary (U20) CAFA-2024 çempionatyna gatnaşmagyna 2025-nji ýylda Hytaýda geçiriljek 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysynyň arasyndaky futbol boýunça Aziýa kubogynyň saýlama tapgyryna taýýarlyk hökmünde garalýar. 25–29-njy sentýabr aralygynda Bişkekde geçiriljek saýlama ýaryşynda Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparynyň futbolçylary «I» toparçada Ýaponiýanyň, Gyrgyzystanyň we Mýanmanyň ýygyndy toparlary bilen duşuşar.