Ï Eýranyň Ilçisi türkmen-eýran hyzmatdaşlygyň has-da berkejekdigine ynam bildirýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Eýranyň Ilçisi türkmen-eýran hyzmatdaşlygyň has-da berkejekdigine ynam bildirýär

view-icon 925
Eýranyň Ilçisi türkmen-eýran hyzmatdaşlygyň has-da berkejekdigine ynam bildirýär

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani Tähran bilen Aşgabadyň arasyndaky gatnaşyklary geljekde has-da berkejekdigine ynam bildirýär. Bu barada diplomat şu gün paýtagtymyzda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylarynyň Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşygyndan soň belledi.

«Gepleşikleriň netijeleri boýunça her ýylda 10 milliard kub metre çenli türkmen tebigy gazyny satyn almak-satmak boýunça şertnama gol çekildi we türkmen tebigy gazyny SWAP usulynda Eýran Yslam Respublikasynyň çäginden üstaşyr Yrak Respublikasyna ibermek boýunça möhüm ylalaşyk gazanyldy.

Elbetde, bu iri taslamalar iki ýurduň ýokary ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen duşuşyklarda gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen amala aşyrylýar. Şeýle iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkider diýip berk ynanýaryn» diýip, Eýranyň Ilçisi aýtdy.

Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň gaz pudagyndaky bilelikdäki işiniň oňyn tejribesi dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini artdyrmagyň berk binýadyny emele getirýär.