Ï Gaznanyň hasabyna täze lukmançylyk enjamlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gaznanyň hasabyna täze lukmançylyk enjamlary

view-icon 540
Gaznanyň hasabyna täze lukmançylyk enjamlary

Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly Lebap welaýatynyň saglygy goraýyş edaralaryna hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna dünýä ülňülerine laýyk gelýän kämil lukmançylyk enjamlary yzygiderli alnyp berilýär.

Muňa mysal edip, ýakynda Lebap welaýat köpugurly hassahanasyna gazna tarapyndan alnyp berlen gemodialez enjamyny görkezmek bolar. Bu lukmançylyk enjamy hassahanada eýýäm böwrek kesellerini bejermekde giňden peýdalanylýar. Bu döwrebap enjamlar keseliň bejergisiniň has netijeli bolmagyny üpjün edýär.

Soňky wagtlarda bolsa, geljegiň şäheri hasaplanylýan Arkadag şäherinde gurlup ulanylmaga berlen «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy tarapyndan öndürilýän lukmançylyk serişdeleriniň we enjamlarynyň uly topary welaýatyň lukmançylyk edaralaryna sowgat berildi. Ynha, düýn-öňňinlikde hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan Lebap welaýat köpugurly hassahanasyna «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy tarapyndan öndürilen, hassahana üçin zerur bolan, saglygy goraýyş işgärleriniň gündelik işinde ulanylýan lukmançylyk serişdeleriniň dürli görnüşleri, ýagny ýokary ekologik talaplara laýyk gelýän pamyklary, saglygy goraýyş ulgamynda giňden ulanylýan dokalmadyk matadan taýýarlanylan bir gezeklik agyz-burun örtükleri, başgaplary, ýorgan-düşek daşlyklary, aýakgap örtükleri alnyp berildi.

Bu önümler bir gezekleýin bolup, olar arassaçylyk kadalaryny talaba laýyk ýerine ýetirmeklige mümkinçilik berýär we ilatyň saglygyny berkitmekde alnyp barylýan işleriň ýokary hilli bolmagy üçin amatly şertleri döredýär. Arkadag şäherinde täze açylan kärhanada öndürilen lukmançylyk serişdeleriniň uly toparynyň gelip gowuşmagy welaýatyň saglygy goraýyş işgärlerinde Gahryman Arkadagymyza bolan hoşallyk duýgularyny has-da artdyrdy.