Ï Türkmenistanyň samboçylary Makaoda geçirilen Aziýa we Okeaniýa çempionatynda 21 medal gazandylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň samboçylary Makaoda geçirilen Aziýa we Okeaniýa çempionatynda 21 medal gazandylar

view-icon 3999
Türkmenistanyň samboçylary Makaoda geçirilen Aziýa we Okeaniýa çempionatynda 21 medal gazandylar

Türkmenistanyň sambo boýunça ýygyndy topary Hytaý Halk Respublikasynyň Makao şäherinde geçirilen Aziýa we Okeaniýa çempionatynda dürli derejeli 21 medal gazandylar.

Ýaryşa 20 döwletden 244 türgen gatnaşyp, olar sportuň sambo we söweş sambosy boýunça 28 agram derejesinde erkekleriň we zenanlaryň arasynda iň güýçlini kesgitlemek üçin tutluşdylar.

Çempionatyň netijesi boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary 2 altyn, 6 kümüş we 13 bürünç medal bilen Gazagystanyň (15 altyn, 7 kümüş we 4 bürünç) we Özbegistanyň (8 altyn, 1 kümüş we 10 bürünç medal) toparlaryndan soň, üçünji orny eýeledi.

Ýygyndy toparymyzdan Lebap welaýatyň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Çärjew etrabyndaky 1-nji sport mekdebiň tälimçi-mugallymy Bägül Nuryýewa we Aşgabat şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 2-nji sport mekdebiň tälimçi-mugallymy Ruşana Nurjawowa hormat münberiniň ýokarky basgançagyna çykdylar. Olaryň ikisi hem söweş sambosynda Aziýanyň we Okeaniýanyň çempiony boldular. Bägül Nuryýewa 50 kilograma çenli agram derejesinde 4 türgeniň arasynda, Ruşana Nurjawowa bolsa 59 kilograma çenli agram derejesinde 9 türgeniň arasynda bäsleşip üstünlige eýe boldular.

Kümüş baýraklary: sport sambosynda Lebap welaýatyň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Dänew etrabyndaky 1-nji sport mekdebiň tälimçi-mugallymy Aziza Nazarowa (50 kilograma çenli, 7 türgeniň arasynda), Lebap welaýatyň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Çärjew etrabyndaky 3-nji sport mekdebiň tälimçi-mugallymy Kambar Umarow (71 kilograma çenli, 14 türgeniň arasynda), Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby Agamyrat Bäşimow (88 kilograma çenli, 7 türgeniň arasynda), söweş sambosynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 1-nji ýyl talyby Kerim Kerimow (64 kilograma çenli, 6 türgeniň arasynda), Ahal welaýatyň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Ak bugdaý etrabyndaky sport mekdebiň tälimçi-mugallymy Zarina Abdyrahmanowa (54 kilograma çenli, 9 türgeniň arasynda), Lebap welaýatyň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Dänew etrabyndaky sport mekdebiň tälimçi-mugallymy Sabina Agajanowa eýelediler. Sabina Agajanowa üç türgeniň gatnaşmagynda 80 kilogramdan agyr agram derejesinde şeýle üstünlik gazandy.

Söweş sambosynda bäş agramda ildeşlerimiz bürünç medal eýelediler. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 31-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Alyhan Aýdogdyýew (58 kilograma çenli, 6 türgeniň arasynda), Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby Maksat Annagylyjow (79 kilograma çenli, 5 türgeniň arasynda), Türkmenistanyň Söweş sungaty Milli federasiýasynyň türgeni Agasapar Muhadow (88 kilograma çenli, 8 türgeniň arasynda), Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 4-nji ýyl talyby Bezirgen Begenjow (98 kilogramdan agyr, 4 türgeniň arasynda), Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby Gülzada Jorakulyýewa (72 kilograma çenli, 4 türgeniň arasynda) bürünç medal eýelediler.

Türkmenistanyň türgenleri sport sambosynda sekiz bürünç medal gazandylar. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 1-nji ýyl talyby Babamyrat Baýramow (58 kilograma çenli, 11 türgeniň arasynda), Aşgabat şäherindäki 67-nji orta mekdebiň bedenterbiýe mugallymy Sapar Döwletow (64 kilograma çenli, 13 türgeniň arasynda), Lebap welaýatyň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Magdanly etrabyndaky 4-nji sport mekdebiň tälimçisi-mugallymy Nedir Allaberdiýew (79 kilograma çenli, 8 türgeniň arasynda), Lebap welaýatyň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Çärjew etrabyndaky 1-nji sport mekdebiň tälimçi-mugallymy Saýara Rozyýewa (54 kilograma çenli, 9 türgeniň arasynda), Lebap welaýatyň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Türkmenabat şäherindäki 1-nji sport mekdebiň tälimçi-mugallymy Madina Aýdogdyýewa (59 kilograma çenli, 9 türgeniň arasynda), Lebap welaýatyň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Çärjew etrabyndaky 4-nji sport mekdebiň tälimçi-mugallymy Zyba Orunowa (72 kilograma çenli, 5 türgeniň arasynda), Lebap welaýatyň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Türkmenabat şäherindäki 7-nji sport mekdebiň tälimçi-mugallymy Saodat Işmuradowa (80 kilograma çenli, 3 türgeniň arasynda) we Sabina Agajanowa (80 kilogramdan agyr, 4 türgeniň arasynda) hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdylar.

Şeýlelikde, Sabina Agajanowa Türkmenistanyň sambo boýunça ýygyndy toparyndan Aziýa we Okeaniýa çempionatynda iki medal gazanan ýeke-täk türgen boldy. Ol sport sambosynda bürünç we söweş sambosynda kümüş medal eýeledi.

Ulularyň, ýaşlaryň, ýetginjekleriň, kadetleriň we ussatlaryň arasynda sambo boýunça indiki Aziýa we Okeaniýa çempionaty 2025-nji ýylda Daşkentde (Özbegistan) geçiriler.