Ï S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde guşçulygy ösdürmek boýunça ylmy duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde guşçulygy ösdürmek boýunça ylmy duşuşyk geçirildi

view-icon 4271
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde guşçulygy ösdürmek boýunça ylmy duşuşyk geçirildi

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde guşçulygy ösdürmek boýunça ylmy-amaly duşuşyk geçirildi.

Oňa S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlar düzüminiň wekilleri, talyplary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary we ugurdaş hünärmenleri gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar, hususan-da, towuklary köpeltmek, saklamak we ösdürip ýetişdirmek, şeýle hem ýokary hilli azyk önümlerini – ýumurtga we guş etini almak meselelerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar. TSTB-niň agzalary ýurtda azyk howpsuzlygyny döretmek we ykdysady ösüşi üpjün etmek ugrunda maldarçylygyň guşçulyk ugrunyň ähmiýeti barada gürrüň berdiler. 

Hünärmenleriň sözlerine görä, guşçulyk – ýurdumyzda oba hojalygyň depginli ösýän pudaklarynyň biri bolup, ol ilatyň et we et önümlerine, şeýle hem towuk ýumurtgalaryna bolan islegini üpjün etmekde uly goşant goşýar. Dünýäniň köp ýurtlarynda guşçulyk beýleki oba hojalyk önümçilikleriniň arasynda esasy orunlaryň birini eýeleýär, çünki gaýtadan işleýän senagat üçin gymmatly azyk önümlerini hem-de çig malyny berýär. 

Duşuşygyň dowamynda bu ugra degişli dürli meselelere garaldy. Ýörite niýetlenilen enjamyň – inkubatorlaryň ulanylmagy bilen towuk jüýjelerini köpeltmegiň oba hojalygynda peýdalanylýan esasy usullaryň biri bolup durýandygy bellenildi. Oba hojalyk guşlarynyň sagdyn hem-de ýokary öndürijilikli baş sanyny almak üçin inkubasiýanyň işleriniň aýratynlyklary we zerur çäreler barada giňişleýin aýdyldy. Inkubasiýanyň möhüm şertleriniň has oňaýly howa derejesini üpjün etmekden ybaratdygy, onuň bolsa 37,5-37,7 dereje çäklerinde saklanylmalydygy bellenildi. Howa derejesiniň dogry saklanylmagy ýumurtgalaryň zaýalanmagynyň öňüni almaga hem-de ýumurtgalaýan towuklaryň önümliligini artdyrmaga kömek edýär. 

Çykyş edenler towuk ýumurtgalarynyň ýokary azyklyk gymmatlylygyny hem-de olaryň adam saglygyna peýdasyny nygtadylar. Ýumurtgada belogyň, köp sanly witaminleriň, fosfolipid we karotinoid ýaly biologik işjeň maddalaryň bolmagy netijesinde, ony iýmek ýüregiň işleýşine, gözüň görüşine oňyn täsir edýär, ganyň düzüminde süýjüligiň kadaly derejesini saklamaga kömek edýär. 

Ylmy söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar guşçulykda häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmagyň ýagdaýlaryny, jüýje almagyň hem-de guşlary ösdürip ýetişdirmegiň wajyp usullaryny ara alyp maslahatlaşdylar. 

Oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdebinde ugurdaş bilermenleriň, telekeçilik düzümleriniň, ylmy-barlag institutlaryň wekilleriniň, guramaçy ýokary okuw mekdebiň mugallymlarynyň we talyplarynyň hem-de gyzyklanma bildirýän beýleki ýokary okuw mekdepleriň gatnaşmagynda ylmy duşuşyklaryň yzygiderli esasda geçirilýändigini bellemek gerek. 

Şeýle duşuşyklar ýaş oba hojalykçylara bilimlerini artdyrmaga, hünär taýdan ukyp-başarnyklaryny ösdürmäge mümkinçilik berýär, çünki bu çäreler diňe nazary esasly bolman, eýsem, iş-tejribe taýdan hem dowamly häsiýete eýe bolýar. Mugallymlaryň, tejribeli hünärmenleriň ýolbaşçylygynda talyplar gönüden-göni amaly okuwlara gatnaşmaga mümkinçilik alýarlar. Munuň üçin ekerançylyk meýdanlaryna, tehniki binýatlara, fermerçilik hojalyklaryna, ylmy-önümçilik merkezlerine we beýlekilere saparlar guralýar. 

Uniwersitetdäki duşuşyklar ýurdumyzyň oba senagat toplumyna degişli bir umumy meseläniň çäklerinde giň gerimli ugurlary öz içine alýar. Däbe öwrülen şeýle çäreler zehinli we ukyply, ýokary derejeli hünärmenleriň täze neslini taýýarlamaga, şeýle hem Diýarymyzyň oba senagat toplumyny durnukly, ylmy we innowasion taýdan ösdürmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.