Ï B.Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň we M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýanyň sazandalarynyň bilelikdäki sergi-konserti
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

B.Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň we M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýanyň sazandalarynyň bilelikdäki sergi-konserti

view-icon 4357
B.Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň we M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýanyň sazandalarynyň bilelikdäki sergi-konserti
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungaty sergi merkezinde konsert bilen birlikde şekillendiriş sungatynyň sergisi guraldy.

B.Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary sergide görnükli sungat we edebiýat işgärleriniň 50-siniň çekilen portretini görkezdiler. M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň sazandalary bolsa konsert berdiler, onuň aglaba bölegi portretleri goýlan şahsyýetleriň eserlerinden ybarat boldy.

Çäräniň guramaçysy kompozitor Aýna Şirowa:

– Žiwopis işlerini saz bilen utgaşdyrmak pikiri meni köp wagt bäri günüme goýmaýardy. Sungat äleminiň ösüşiniň öz kada-kanuny bar: olaryň hersi halk sungaty, nusgawy, häzirki zaman sungaty ýaly belli bir döredijilik tapgyrlaryny geçýär. Mundan başga-da, sungatyň her görnüşi beýleki görnüşlere täsir edýär – diýip, gürrüň berýär.

B.Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň ýolbaşçylaryna sergi-konsertini guramak pikirini aýtdyk.

Mekdep müdiri Öwezgeldi Ýazmyradow gürrüňi dowam edip:

 – Çagalar häzir tomusky dynç alyşda, onsoň biz: «Kim portret sergisine gatnaşjak?» diýip, çagalardan soradyk. Oňa seslenen köp boldy. 30 eseri görkezmegi meýilleşdiripdik, ýöne ol 50-ä ýetdi. Alypalwan Hudaýberenow has köp portret hödürledi, ol çagalar çeperçilik mekdebiniň öňki sergisindäki portretleri bilen sungat muşdaklarynyň ýadynda galdy.

Suratlardan nakgaş Durdy Baýramow, heýkeltaraş Saragt Babaýew, aýdymçy Atageldi Garýagdyýew, heýkeltaraş Babasary Annamyradow, aktýor Baba Annanow, çagalar gepleşigini alyp baryjy Aşyr däde, şahyr Nikolaý Maýorow, kompozitor Nury Halmämmedow, kompozitor Sergeý Ohomuş , dirižýor Tähyr Ataýew, režissýor Kakajan Aşyrow, heýkeltaraş Zurab Sereteli we beýlekiler tomaşaçylara garaýarlar. Olaryň arasynda häzirki wagtda kosmos äleminde işläp ýören kosmonawt Oleg Kononenkonyň portreti hem bar, portretiň awtory Batyr Soltanow ony kosmonawtyň 60 ýaş toýuna sowgat hökmünde Moskwa iberdi.

Görnükli sungat işgärleriniň portretleriniň sergisine gatnaşýan çagalar bu çäreden ýadygärlik hökmünde topar bolup surata düşdüler.

Konserti Nury Halmämmedowyň «Haýrana galar» eseri bilen halkara bäsleşikleriniň diplomanty Stella Faramazowa we Gnessinler adyndaky Sazçylyk akademiýasynyň uçurymy Aýbölek Muhyýewa açdylar. Konsertde şeýle hem Nikolaý Maýorowyň, Natalýa Şerbininanyň, Sergeý Ohomuşyň, Rejep Rejebowyň, Aýna Şirowanyň we beýleki kompozitorlaryň eserleri ýaňlandy. Konsert Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky orkestriň ýerine ýetirmeginde Mämmet Guseýnowyň «Türkmen rapsodiýasy» çykyşy bilen tamamlandy, onda «Dutaryň owazy» Moskwa festiwalynyň baýragynyň eýesi Gülhanum Lametowa ýekelikde çykyş etdi.

Sergi-konsert tomaşaçylarda we portret žanrynda ýaňy işläp başlan ýaş nakgaşlarda uly täsir galdyrdy.