Daşoguz welaýatynda «Daşoguzpagta» önümçilik birleşiginiň pagta arassalaýjy kärhanalarynyň täze möwsüme taýýarlyk işleri dowam edýär. Iş ähli pagta arassalaýjy zawodlarda we kabul ediji nokatlarda alnyp barylýar.
Olarda, zerur bolan ýagdaýynda, tehnologik enjamlaryň, dürli önümçilik jaýlarynyň we çig mal ammarlarynyň deslapky abatlaýyş işleri geçirilýär. Gaýtadan işlemek üçin berilýän çig malyň arassalanyş hilini ýokarlandyrmak, howanyň we çig malyň toprakdan galýan hem mineral tozanlardan hapalanmagynyň öňüni almak we ähli tehnologik enjamlaryň iş netijeliligini ýokarlandyrmak üçin çäreler görülýär. Giňişleýin çäreler ähli ýöriteleşdirilen enjamlaryň we mehanizasiýa serişdeleriniň gaýtadan işlemek möwsüminde has netijeli ulanylmagyny hem üznüksiz işlemegini üpjün etmelidir.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň iň iri pagta öndürijileriniň biri bolan welaýatda, döwlet tarapyndan berilýän maksatly goldaw netijesinde pagtany ösdürip ýetişdirmekden, ýokary hilli süýüm we ýüplük öndürmekden başlap, taýýar dokma önümleriniň öndürilmegi bilen tamamlanýan doly önümçilik ulgamy döredildi.
Sebitde täzeden işläp bejerýän döwrebap desgalaryň ösen ulgamy, şol sanda ýylda 40 müň tonna önüm öndürmäge ukyply tohumlyk pagtany gaýtadan işlemek boýunça ýöriteleşdirilen döwrebap kärhana we bir wagtyň özünde 10 müň tonna pagtany saklamak mümkinçiligi bolan pagta kabul ediş nokady bar.
Welaýatda ýokary hilli, dünýä bazarynda bäsleşige ukyply we ekologiýa taýdan arassa ýüplük öndürip bilýän dokma kärhanalarynyň-da birnäçesi üstünlikli işleýär.
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň sebitde işleýän «Çeper» tikin fabrigi-de önümleriniň köp görnüşi bilen meşhurdyr.