Ï Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyp-žurnalistleri «Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasyna bardylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyp-žurnalistleri «Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasyna bardylar

view-icon 2621
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyp-žurnalistleri «Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasyna bardylar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplary tomusky önümçilik-tanyşlyk tejribeliginiň çäklerinde «Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasyna baryp gördüler. 

Neşiriň işgärleriniň ýolbaşçylygynda geljekki halkara žurnalistler üçin tanyşlyk gezelenji geçirildi. Talyplary gazetiň redaksiýalarynyň bölümleriniň işi, işgärler düzümi hem-de žurnalistleriň döredijilik işiniň aýratynlyklary bilen giňişleýin tanyşdyryldy. 

Soňra milli KHBS-niň redaksiýasynda bolmaklarynyň dowamynda Türkmenistanyň Ýokary diplomatiýa mekdebiniň talyplary gazeti taýýarlamak işleri barada giňişleýin maglumatlary aldylar hem-de täze peýdaly bilimlere eýe boldular. 

Önümçilik-tanyşlyk tejribeligi wagtynda talyp-žurnalistler üçin şeýle çäreleriň guralmagy umumy okuwlaryň netijeliligini ýokarlandyrýar, nazary bilimleri berkitmek, olary geljekde işde üstünlikli ulanmak maksady bilen, hünär başarnyklaryny ele almak hem-de ösdürmek üçin möhüm ähmiýete eýedir. 

«Biznes reklama» gazeti döwürleýin neşiri barada aýdylanda bolsa, gazet gyzyklanma bildirýän okyjylaryň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýar. Neşir olar üçin Türkmenistanyň ykdysadyýetinde we durmuş syýasatynda gazanylan üstünlikler baradaky täze hem-de möhüm täzelikleri, şeýle hem dünýä ykdysadyýetine we işewürlige degişli maglumatlary taýýarlaýar hem-de her hepdede çap edýär.