Ï Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek möwsümine badalga berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek möwsümine badalga berildi

view-icon 5895
Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek möwsümine badalga berildi

Şu gün Türkmenistanyň paýtagtynda, Arkadag şäherinde hem-de welaýatlarynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek möwsümi badalga aldy.

Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Buýrugy bilen tassyklanyldy. Bu resminama şu ýylyň 12-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda gol çekildi.

Ýurdumyzda okuwa kabul edişlik 15-nji iýuldan 26-njy awgusty aralygyndaky döwürde amala aşyrylar, şonuň çäklerinde dalaşgärlerden resminamalar kabul edilip başlandy.

Ýurtda kabul ediş möwsümine başlanylmagynyň ýokary guramaçylyk derejesi üpjün edildi. Ýerlerde ýörite döredilen Döwlet topary işläp başlady. Onuň düzümi hem hökümetiň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy bilen tassyklanyldy. Döwlet toparynyň işi ýokary okuw mekdeplere we ýurduň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylygyny amala aşyrmaga hem-de onuň bellenen tertipde geçirilmegini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň Buýruguna laýyklykda, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine iş toparlarynyň degişli derejede işlemegi üçin zerur şertleri döretmek tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň çäklerinde okuwa girmek isleýän ýaş türkmenistanlylara üstünlikleri arzuw etdi hem-de bilim ulgamynyň wekilleriniň öňünde ilkinji nobatdaky wezipeleri kesgitledi. Şol wezipeleriň hatarynda täze okuw ýylyna degişli derejede taýýarlyk görmek, orta we ýokary okuw mekdeplerinde abatlaýyş işlerini geçirmek, ýokary okuw mekdeplere zehinli, has mynasyp ýaşlary kabul etmek, giriş synaglaryny guramaçylykly we adalatly geçirmek wezipeleri durýar. Şeýle hem bilim maksatnamalaryny we meýilnamalaryny kämilleşdirmek, mekdepleri okuw kitaplary we gollanmalar bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi.

2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul etmek düzgünleriniň 13-nji iýulda ýurduň merkezi KHBS-niň neşirlerinde çap edilendigini bellemek gerek. Ol okuw mekdepler tarapyndan hödürlenilýän hünärler, taýýarlygyň ugurlary, girmek üçin zerur bolan resminamalar, olary tabşyrmagyň, giriş synaglaryň geçirilýän möhletleri, dalaşgärler üçin giriş synaglary geçiriljek dersler barada giňişleýin maglumatlary, şeýle hem okuw mekdepleriň salgylaryny we habarlaşmak üçin telefon belgileri özünde jemleýär.