Ï Merkezi Aziýa sebitiniň ekologiýa meseleleri hünärmenleriň üns merkezinde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Merkezi Aziýa sebitiniň ekologiýa meseleleri hünärmenleriň üns merkezinde

view-icon 2551
Merkezi Aziýa sebitiniň ekologiýa meseleleri hünärmenleriň üns merkezinde

Merkezi Aziýanyň Daşky gurşawy we howanyň üýtgeýşini öwreniş uniwersitetinde (Daşkent, Özbegistan) döwlet we jemgyýetçilik ekologlary üçin «howadan ýüze çykyp biljek howplara baha bermek we mümkinçilikleri ösdürmek» ugry boýunça tälimçileri taýýarlamak maksady bilen, üç günlük okuwyň iki tapgyry geçirildi.

Birinji tapgyr iýul aýynyň dördi bilen ýedisi aralygynda, ikinji tapgyr bolsa dokuzynda-onunda boldy, şunda aýyň sekizinde taýýarlyk maslahaty geçirildi. Tälim okuwlaryny geçirmek üçin, Türkmenistany-da goşmak bilen, sebitiň bäş ýurdundan on adamdan ybarat wekiliýetler çagyryldy. Sebitden jemi 250 adamy, ýagny her döwletden 50 adamy taýýarlamak meýilleşdirildi.

Bu çäräni Germaniýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Jemgyýetiniň «Merkezi Aziýada howa bilen baglanyşykly howpy dolandyrmak» atly sebitleýin maksatnamasynyň çäginde geçirmek meýilleşdirildi we ädimme-ädim amala aşyryldy.

Eýýäm umumy mejlisde ýurt toparlary «öý işiniň» netijelerini – gyzyklanýan taraplar bilen işleşmegiň gidişini we howa bilen baglanyşykly ýüze çykyp biljek netijeleriň ýa-da adatdan daşary ýagdaýlaryň birine garşy edilmeli işleri göz öňüne getirişlerini görkezdiler. Diňleýjiler sapaklaryň şertlerine görä, deňeşdirme derňewini düzdüler, howa howplaryna baha berdiler we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň topragy hem howa şertlerinde ulanylýan uýgunlaşma çärelerini ylmy taýdan esaslandyrdylar.

Guramaçylaryň bilermenler topary, öz gezeginde, ýygnananlaryň dykgatyna Merkezi Aziýanyň şertleri üçin howanyň üýtgeýiş ýazgysyny we howa howplaryna baha bermegiň usulyýetini hödürledi. Sapaklaryň iş bukjasy bäş ugry, şol sanda okuw materiallaryny işläp düzmek, soň bilimleriň ýaýradylmagyna, durnukly ösüş we uýgunlaşma ugrundaky çäreleri we işleri meýilleşdirmäge hem durmuşa geçirmäge gatnaşjak eýýäm okuw geçen tälim berijiler üçin internet arkaly sapaklary geçirmegi öz içine aldy.

Guramaçylaryň belleýşi ýaly, sapaklaryň maksady howa howpuna, olaryň gerimine we serhedaşa tebigatyna baha bermek hem howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýüze çykýan möhüm ýagdaýlary kesgitlemek barada giňişleýin düşünje bilen üpjün etmekden ybaratdy.

Şeýle hem kollegial aragatnaşygyň möhüm bölegi döwletara we pudagara ylmy-amaly alyş-çalyş boldy. Sapaklarda we okuw meýdançasynyň çäginde diňleýjiler bilimlerini we tejribelerini baýlaşdyryp, beýleki ýurtlardan gelen kärdeşleri bilen derýa howuzlaryny durnukly ýagdaýda saklamagyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmagy, beýan edilen mowzuk boýunça pikirlerini we öwrenenlerini paýlaşyp bildiler.