Ï Köpetdagyň gyrymsy agaçlarynyň syrlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Köpetdagyň gyrymsy agaçlarynyň syrlary

view-icon 18994
Köpetdagyň gyrymsy agaçlarynyň syrlary

Köpetdagyň agaçlary üznüksiz massiwleri emele getirmeýär, bir tarapdan ol ekoulgamlar üçin daşky gurşawy emele getirýär, beýleki tarapdan bolsa, tebigatyň üýtgeýän gurşawyna bagly bölegidir. Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň ekologiýa, tokaýlar we öri meýdanlary barlaghanasynyň uly ylmy işgäri Güljemal Gurbanmämmedowa Köpetdagyň etekleriniň ösümlik dünýäsiniň käbir aýratynlyklary barada gürrüň berýär:

– Gurak howa Türkmenistanyň çäginde çöl sazagy, dag arçasy we Amyderýanyň kenarlaryndaky petdelikler ýaly üýtgeşik tokaý görnüşlerini emele getirdi. Dag tokaýlary daşarky howa şertlerine has çydamlydyr. Agaçlaryň seýrek bolmagy howanyň guraklygynyň we ösümlikleriň aýratyn bioekologik syrlara eýe bolmagynyň gönüden-göni netijesidir. Howa şertleri gurak boldugyça şonça-da kökleri ýaýraýar, ýerüsti ösýän bölegi pesräk bolýar.

Ösümlikleriň kserofitiki gurşawa uýgunlaşmagy olaryň ozaldan gelýän aýratynlygy bolany üçinem olar şu günlere çenli saklanyp galypdyrlar, dogrusy, olar howanyň geljekde hem guraklaşmagyna uýgunlaşmaga ukyplydyr.

Ösümlikler dünýäsi onlarça ýyl bäri öwrenilýär, onda-da tebigatyň we howanyň üýtgäp durýan şertlerinde onuň ösüş kadalary düşnükli we doly derejede düşündirip bolýar diýip anyk aýdyp bolmaz. Mysal üçin ýeterlik suw üpjünçiligi şertlerinde ösýän çyglylygy söýýän mezofitler bolan hoz, gündogar çynary, çal böwürslen nähili ösýär? Guraklyga çydamly kserofitler – pontiý ýemşeni, türkmen badamy, Griffitiň sersisi, türkmen kerkawy howa şertlerine gowy uýgunlaşýarlar, şoňa görä hem suwsyz ýerlerde ösýärler. Kiçi garagaç, adaty we türkmen armydy ýaly uzak wagtlyk ösüş bilen häsiýetlendirilýän obligat agaçlar hem bar. Toplanylan botaniki maglumatlar şol bir tebigy toplumyň içinde-de şol bir görnüşdäki ösümlikleriň ýaşaýyş morfy, ýa-da umumy keşbi boýunça tapawutlanýan görnüşleriniň duşýandygyny görkezýär. Umuman, agaç ösümlikleriň 12 biomorf element görnüşleri bar.

Agaç görnüşleriniň döreýän merkezlerini kesgitlemek üçin olary sanamak we toparlara bölmek arkaly geografik derňew geçirildi. Bu ýagdaýlarda seýrek ýagdaýlar görnüşleriň ýagdaýyna howp salýan görkeziji hökmünde kabul edilmeýär. Şertler kadalaşanda tebigatdaky ösümlikleriň biologik durnuklylygy ygtybarly bolup çykýar. Olaryň ýaşy kadadan çyksa, meselem, ösmezligiň ýa-da olaryň öndürijiliginiň ýitmegi, ýagny baldaklarynyň gysgalmagy, miwe düwmezligi ýa-da bişmezligi, görnüşiň geljekki ykbaly barada çynlakaý alada etmäge sebäp bolup biler. Çünki, adam täsir etmezdenem tebigatyň özi-de bir görnüşiň ösümlik dünýäsinden, goý, asyrlarboýy bolsa bolubersin, ýitip gitmegine getirýän ýagdaýlary tebigy zatdyr. Käbir görnüşler ýurduň daglyk ýerleri üçin ähmiýetini azaldýar, ondan boşan ýerleri gurak şertlere has çydamly ösümlik görnüşleri eýeleýärler.

Dag ösümlikleriniň köpdürlüligi ýüz ýyldan gowrak wagt bäri ylmy taýdan hasaba alynýar, maglumatlar mydama ýyly howa üçin ýaramly däl görnüşleriň ösmegine hem şaýatlyk edýär – ol öňki çygly geologiki döwürlerden galan mirasdyr. Bu ýerde galan durnukly ösümlikler üýtgeýän şertlere uýgunlaşdy we käbirleri endemiki bolup, belli bir daglyk ýerlerde ösýän endemiki ösümlikler bolup galdy. Botanikler araçäkleriniň kesişýän ýerinde ösýän 46 endemiki görnüşlere gözegçilik edýärler, olar daglarda gögerýän agaçlaryň umumy düzüminiň 25 göteriminden gowragyny emele getirýär. Ýakyn baglanyşykly goňşy sebitlerden çäk aýrylgy şertlerinde endemizmiň umumy sudurynda şeýle görnüşleriň baýlygy gadymy Köpetdagyň gerşiniň ösümlik örtüginiň ýaşynyň uludygyny görkezýär. Ýurduň bu täsin genetiki serişdeleri häzirki döwürde deňagramlylygy gowşakdyr. Biologlar agaç ösümlikleriniň häzirki ýagdaýyny we düzümini öwrenmegi dowam etdirýärler, olary saklap galmagyň geljegine baha berýärler.