Ï Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri Kazanda «Tomusky uniwersitet» taslamasyna gatnaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri Kazanda «Tomusky uniwersitet» taslamasyna gatnaşdylar

view-icon 3888
Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri Kazanda «Tomusky uniwersitet» taslamasyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri «Tomusky uniwersitet» taslamasynda çykyş etdiler. Çäräniň ýapylyş dabarasy Kazan Federal uniwersitetinde geçirildi.

Çäre KFU-nyň filologiýa we medeniýetara kommunikasiýalar institutynda geçirilip, ol ýerde taslamanyň netijeleri jemlenildi.

Şu ýyl bu taslama 13 ýurtdan – Abhaziýadan, Günorta Afrikadan, Braziliýadan, Hytaýdan, Hindistandan, Eýrandan, Azerbaýjandan, Belarusdan, Türkmenistandan, Gazagystandan, Täjigistandan, Özbegistandan we Russiýadan talyplaryň 400-si gatnaşdylar.

Biziň ýurdumyza Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy Maýa Çaryýewa we halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Jennet Myradowa, şeýle hem Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary Arslan Şaýymow, Ýakut Soltanmyradow, Hemra Baýrammuhammedow we Begenç Taýyrow wekilçilik etdiler.

Tomusky iki hepdelik taslamanyň ylym-bilim maksatnamasynyň çäklerinde alty ugur boýunça taslamalary taýýarlamakda we tanyşdyrmakda zehiniňi, bilimiňi we ukybyňy görkezmäge mümkinçilik döredildi. Şol ugurlar: «Emeli aň we Prompt-engineering maglumat tehnologiýalary»; «Geljegiň tehnologiýalary: fizika we inženeriýa»; «Dil. Medeniýet. Döredijilik»; «Binagärlik. Dizaýn. Urbanizm»; «Business Analytics 5.0: Design and Development of Information Panels with Yandex Data Lens (iňlis dilinde)», «BRICS+: New Trends in International Relations (iňlis dilinde)» diýen ugurlara degişli boldy.

Daşary ýurtly myhmanlaryň uýgunlaşmagy we birleşmegi üçin medeni maksatnama, Global Village gatnaşyjy ýurtlaryň tanyşdyrmalary göz öňünde tutuldy.

«Tomusky uniwersitet» taslamasynyň ýapylyş dabarasynda Kazanyň ýokary okuw mekdebiniň wekilleri çärä gatnaşyjylaryň täze peýdaly bilimlere, olary iş ýüzünde ulanmak başarnyklaryna we umuman, Kazan uniwersitetinde bolmakdan oňyn tejribä eýe bolandyklaryna ynam bildirdiler.

KFU-nyň daşary aragatnaşyklary boýunça prorektory Timirhan Alişew ýaşlaryň diňe ylym we bilim babatda däl, eýsem, medeni ugurlar boýunça hem özlerini görkezmekleriniň wajypdygyny belledi. Munuň özi uniwersitetiň bu iki ulgamda bolşy ýaly, döredijilikde-de öz ukyp-başarnygyňy görkezmegiň ýeri bolup durýandygyndan habar berýär. Talyplar öz milli medeniýetini aýdyň we giňden görkezdiler, Tatarystan Respublikasynyň gözel ýerlerine aýlanyp gördüler hem-de Russiýa, Kazan, Respublikanyň medeni mirasyna degişli dürli desgalar barada düşünje alyp, täsirli duýgulary başdan geçirdiler.

Dabaraly ýagdaýda Kazanyň myhmanlaryna taslamanyň üstünlikli tamamlanmagy mynasybetli gutlag sözleri aýdyldy, oňa gatnaşyjylara şahadatnamalar gowşuryldy. «Tomusky uniwersitetiň» çäklerinde dürli ýurtlardan bolan gatnaşyjylary umumy gyzyklanmalaryň, ymtylyşyň, dostlugyň we özara goldaw bermegiň birleşdirendigi nygtaldy, bu bolsa hemmeler üçin mynasyp we ajaýyp derejede gatnaşmagyň baş mazmunyny özünde jemledi.

«Tomusky uniwersitet» taslamasy RF-niň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň hem-de «Sosiosentr» FDAYE-niň goldamagynda Kazan Federal uniwersiteti tarapyndan amala aşyrylýar.

«Tomusky uniwersitet» atly federal taslama 2021-nji ýylda işe girizildi. Ol RF-niň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň başlangyjy boýunça guraldy hem-de rus bilimini daşary ýurtlarda wagyz etmäge, adamlaryň, medeniýetleriň, milletleriň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, ýurtlaryň, rus we daşary ýurtly talyplaryň arasynda aragatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir.