Ï Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti 1000-den gowrak dalaşgärleri okuwa kabul eder
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti 1000-den gowrak dalaşgärleri okuwa kabul eder

view-icon 6421
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti 1000-den gowrak dalaşgärleri okuwa kabul eder

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplarynyň hataryna goşulmak we hünär-bilim almak isleýän dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmegini dowam edýär.

Uniwersitet ýaşlara bakalawr maksatnamasy boýunça otuz ugurdan islegli we möhüm hünärleri almagy teklip edýär.

Uniwersitet ýokary derejede biotehnologiýa, nanomateriallar, sanly düzümler we kiberhowpsuzlyk, ykjam we ulgam inženerligi, emeli aň we bilermenlik ulgamlary, nanoelektronika, biomedisina elektronikasy, häzirki zaman tehnologiýalarynyň fizikasy ýaly öňdebaryjy hem-de ösýän ugurlarda hünärmenleri taýýarlaýar.

Okuw iňlis we ýapon dillerinde geçirilýär, şonuň üçin okuwyň birinji ýyly talyplara dil öwredilýär, ýene dört ýyl bolsa hünär boýunça okuw geçilýär.

Uniwersitetde magistratura maksatnamasy boýunça «Pedagogika bilimi (tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň usulyýeti)» ugry boýunça hünärmenler taýýarlanýar.

Dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek 28-nji iýula çenli dowam eder. 31-nji iýuldan 7-nji awgust aralygynda dalaşgärler üçin giriş synaglary geçiriler we talyplar uniwersitete kabul ediler. Täze 2024-2025-nji okuw ýylynda uniwersitete 900 bakalawr we 125 magistratura talyp kabul etmek meýilleşdirýär.

2016-njy ýylda döredilen Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ýurdumyzda çalt ösýän we täze ýokary okuw mekdepleriniň biridir.

Uniwersitetde hünäre gönükdirmeklige, ýurdumyzyň zehinli ýaşlaryny çekmäge aýratyn üns berilýär, munuň üçin dürli taslamalar döredilýär we üstünlikli durmuşa geçirilýär, ylym-bilim çäreleri guralýar.

Bu işiň netijeliligine uniwersitetiň Türkmenistanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň ilkinjileriniň biri bolup, Student Recruitment Campaign of the Year (Talyplary çekmek boýunça ýylyň çäresi) THE Awards Asia 2024 baýragyna dalaşgärleriň finalçylarynyň gysga sanawyna girmegi hem şaýatlyk edýär.

Uniwersitetiň käre ugrukdyryjy taslamalarynyň biri hem indi ikinji ýyl geçirilýän we eýýäm orta mekdep okuwçylarynyň arasynda meşhurlyk gazanan «Oguz hanyň zehinli nesilleri» toplumlaýyn olimpiadadyr. Şu ýyl ýurdumyzyň çar künjeginden 23 müň okuwçy matematika, fizika, himiýa we biologiýa boýunça ýaryşlara gatnaşdy. Olimpiadanyň finalyna ökdelerden ökdeleriň 100-si gatnaşdy, olar üçin uniwersitetde bäş günlük tomus mekdebi guraldy.

Olimpiadanyň aýratynlygy 1-nji, 2-nji ýa-da 3-nji tapgyra gatnaşanlaryň hemmesiniň uniwersitetiň «Oguz hanyň zehinli nesilleri» olimpiadasynyň altyn gaznasyna goşulmagydyr, onuň agzalaryna uniwersitetlere girenlerinde ýeňillikler berilýär.

2023-nji ýyldaky giriş synaglarynyň çäklerinde olimpiadanyň ýeňijileri we onda baýrakly orunlary eýelänler Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, şeýle hem ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň esasy ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hataryna goşuldylar.

Uniwersitet köpugurly bilimli we işjeň ýaşlary çekýär, sebäbi bu ýerde ylymda-da, bilimde-de, döredijilikde-de, sportda-da öz başarnygyňy durmuşa geçirmäge mümkinçilik döredilýär.

Geçen okuw ýylynda ýokary tizlikli internet, kuwwatly kompýuterler, howaýy hakykata degişli enjamlar hem-de ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän zerur bolan iň öňdebaryjy döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen «Kibersport» merkezi döredildi.

Merkezde ýaş kibertürgenleriň türgenleşikleri yzygiderli geçirilip, olar türgenleşiklere örän uly höwes we yhlas bilen gatnaşýarlar. Türgenleşiklere gatnaşyjylaryň kibersportda başarnyklaryny we ukyplaryny ýokary hil we depginli ösdürip kemala getirmäge, türgenleşikleriň netijeli bolmagyna uly üns berilýär.

2022-nji ýylyň sentýabr aýynda uniwersitetde «Goşmaça we üznüksiz bilim» okuw merkezi açyldy, ol paýtagtymyzyň esasy bilim merkezleriniň biri hökmünde özüni tanatdy. Muňa ýokary hilli bilim we hünär taýýarlygynyň giň ugurlary sebäp boldy, olaryň arasynda mugallymçylyk hünäri we pedagogika tehnologiýalary, sanly ykdysadyýet, matematika, fizika, iňlis, ýapon, rus, koreý dilleri, programma düzmek, robottehnikasy we beýleki ugurlar bar.

Sapaklary uniwersitetiň halkara olimpiadalaryň we hünär ýaryşlarynyň ýeňijileri, tejribeli mugallymlary geçýärler. Okuwlar innowasion usulyýetler we ösen tehnologiýalar, şeýle hem halkara ülňülerine laýyk gelýän okuw esbaplary bilen amala aşyrylýar.

Uniwersitetiň bu we beýleki ugurlarynyň ýaşlara hünär taýdan we hemmetaraplaýyn ösmegi, öňde goýan maksatlaryna ýetmegi üçin gowy mümkinçilik hem-de amatly mümkinçilikleri berýändigini bellemek gerek. Şol bir wagtyň özünde, uniwersitetiň işi ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň hataryna goşulmagynda milli bilim pudagyndaky esasy meseleleriň çözülmegine doly goşant goşýar.