Daşoguz welaýatynda gallanyň täze hasylyndan tohumlyk galla taýýarlanylýar. Ol esasan güýzlük gallanyň synagdan geçen we sebitleşdirilen ýokary hasylly atyzlardan ýygnalan görnüşlerdir.
Möwsümde jemi dokuz müň tonna tohumlyk galla taýýarlanylmaly. Köneürgenç etrabynda eýýäm iki müň tonna golaý tohum arassalanyp, zerur ýagdaýa getirildi. Bu ýerde tohumlyk galla üçin esasan sebitiň howa şertlerinde gowy hasylly «Alekseýewiç» we «Sähraýy» görnüşleri ýygnalýar.
Daşoguz welaýaty ýurtda iri galla öndürijileriň biridir. Soňky ýyllarda bu ýerde sarp edijilik häsiýetini ýitirmän uzak wagtlap saklamaga we sebitiň hojalyklarynyň ýokary hilli galla tohumyna isleglerini kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýän döwrebap elewatorlaryň birnäçesi guruldy.
Olarda bar bolan ýöriteleşdirilen enjamlar gallany awtomatiki usulda saýlamaga, arassalamaga we gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär. Tehnologik işiň dowamynda önümiň ýokary hillini üpjün etmek üçin sanitariýa düzgünine berk gözegçilik edilýär.